Sepleriň elýeterliligi

Maliýe bazarlarynyň esasy indeksleri pese gaçdy


22-nji sentýabrda dünýäniň maliýe bazarlarynyň esasy indeksleri pese gaçdy. Muňa dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň ýaramazdygy baradaky habarlar täsir etdi.

Nýu-Ýorkuň fond biržasynda esasy indeksleriň biri Dow-Jones takmynan 3% pese düşdi. Ýewropanyň maliýe bazarlarynda aksiýalaryň bahasy 4%-den gowrak peseldi.

Ýakynda Halkara pul gaznasy Birleşen Ştatlara we Ýewropa ykdysady çökgünlik howpunyň abanýandygy barada maglumat ýaýratdy.

Bütindünýa bankynyň prezidenti Robert Zelik hem 22-nji sentýabrda eden çykyşynda dünýa ykdysadyýetiniň “howply zonadadygyny” mälim etdi.
XS
SM
MD
LG