Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Ýemen barada çuňňur alada bildirýär


Birleşen Ştatlar Ýemendäki wakalara çuňňur alada bildirdi we 33 ýyl häkimiýet başynda oturan prezident Aly Abdullah Salehi ýene bir gezek işden çekilmäge çagyrdy.

Protestçileriň Salehiň işden çekilmegini talap etmegi netijesinde Ýemen ýanwar aýyndan bäri çaýkanyp dur. Onuň Saud Arbaystanynda üç aý bejergi alyp, anna güni ýurduna dolanyp gelmegi graždan urşunyň tutaşmak aladalaryny güýçlendirdi.

Geçen hepde hökümete garşy protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň çaknyşyklarynda 200 çemesi adamyň öldürilendigi, diňe paýtagt Sanaada 40 adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG