Sepleriň elýeterliligi

Putin-Medwedew çalşygy Orsýetde şatlyk we gaýgy döredýär


Orsýetiň syýasy liderleri, hatda rus Prawoslaw ybadathanasy hem premýer-ministr Wladimir Putiniň geljek ýyl prezidentlige dalaş etjegi we Dmitriý Medwedewiň onuň ýerine premýer ministr boljagy baradaky habary ölçäp-biçýär.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow muny “paýhasly ädim” atlandyrdy we Medwedewi, prezidentlik ornuny boşadýany üçin, “hakyky watançy” diýip öwdi.

Baş ruhany Wsewolod Çaplin bolsa, häkimiýet geçiriş ylalaşygyny “parahatçylykly, mynasyp, dogruçyl we dostlukly” diýip öwdi.

Emma Kommunstik partiýanyň lideri Gennadiý Zýuganow bu çalşygyň bireýýämden bäri öz işini oňarmaýan hökümetiň ýagdaýyna az täsir etjegini aýtdy.

Parlamentiň “Adalatly Orsýet” fraksiýasynyň başlygy Sergeý Mironow öz partiýasynyň Putini goldamajagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG