Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir türkmen – bir ykbal: Kerim Gurbannepesow


Kerim Gurbannepesow beýleki köp şahyrlardan tapawutlylykda öz goşgularyny öz sesi bilen, özüne mahsus labyzda okap, soňky nesle ýadygärlik goýup gitdi.
Kerim Gurbannepesow beýleki köp şahyrlardan tapawutlylykda öz goşgularyny öz sesi bilen, özüne mahsus labyzda okap, soňky nesle ýadygärlik goýup gitdi.
Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe raýonynyň birinji Gökdepe obasynda dogulýar. Onuň irki goşgulary 1945-46-njy ýyllarda metbugatda çap edilýär. Ilkinji goşgular ýygyndysy 1952-nji ýylda çykýar. Şondan bäş ýyl geçensoň ýazan “Taýmaz baba” poemasy Kerim Gurbannepesowa uly şöhrat getirýär. Şahyryň çagalara niýetlenen “Maşgala hem mekdep” (1954), “Ýalta hem bagt” (1955) poemalary , “Ýaşajyk dostlaryma” (1956) atly goşgular ýygyndysy neşir edilýär. Iki ýyldan soň “Goşgular we poemalar” atly ýygyndysy çapdan çykýar.

Şondan soň şahyryň “Ata we ogul”, “Ajy günler, süýji günler”, “Gumdan tapylan ýürek” poemalary yzly-yzyna çap edilýär. “Aýal bagşy”, “Rubagy poemalary”, döwrüň dürli etik, edep-ekram, ahlak, adamkärçilik, ynsap meselelerine bagyşlanan köpsanly goşgulary onuň döredijilik dünýäsini has-da baýlaşdyrdy.

Kerim Gurbannepesowyň “Kyrk” diýen at bilen neşir edilen kitabynda soňky ýyllarda dürli temalardan ýazan saýlantgy eserleri, hindi şahyry Ugranyň eserlerinden eden terjimeleri jemlenipdir. Onuň döreden poemalarynyň köpüsi edebi konkurslarda baýraklara mynasyp boldy. Şahyryň hakykaty dogruçyl beýan edýän, ýokary çeperçilik bilen ýazylan köpsanly eserleri diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem umumysoýuz eserleriň iň gowularynyň hataryna goşuldy.

Kerim Gurbannepesow Nekrasowyň, Petefiniň we beýleki şahyrlaryň eserlerini türkmen diline geçirdi. Onuň öz ýazan eserleriniň-de köpüsi ors diline terjime edildi.

Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, türkmeniň hakdan içen diýilýän şahyrlarynyň biri Kerim Gurbannepesow 1989-njy ýylyň 1-nji sentbýarynda aradan çykdy.

Kerim Aganyň mazary, Aşgabat şäheri.



Kerim aganyň mazaryna goýlan daşyň ýüzüne ýazylan öz setirleri:

Biri-biriňizden ýagşy bolsaňyz -
gabrymda-da özge rahat küýsemen.
Haýra hossar, şere garşy bolsaňyz,
Zyýarat şol, görde köýmet küýsemen.


Kerim Gurbannepesow beýleki köp şahyrlardan tapawutlylykda öz goşgularyny öz sesi bilen, özüne mahsus labyzda okap, soňky nesle ýadygärlik goýup gitdi. Kerim aganyň “Ömrüme pent” atly goşgusy onuň özi üçinem, giň okyjylar köpçüligi üçinem programmalaýyn eserdir.

Kerim şahyryň il içinde meşhur däl goşgusy ýok diýerlik. “Ýaşlyk dramasy” atly goşgusy onuň ýetginjek ýyllary tutaşan, başa barmadyk päk söýgüsi barasynda. Ol goşgyny bilmeýän ýa okamadyk, diňlemedik ýok bolsa gerek.

Şahyryň juwanlykda ýürek beren gyzy, onuň soňky ykbaly barasynda taryh ylymlarynyň doktory, professor, häzir merhum Ata Rejep öz wagtynda Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi:

—Kerim Gurbannepesowy men 1955-nji ýyllardan bäri tanaýaryn. Men şonda Marksizm-Leninizm institutynda Kakabaý Baýrammyradow bilen bile işleýärdim. Kakabaý bolsa Kerim bilen dost eken. Ýygy-ýygydan duşuşýardyk. Kerimiň şol duşuşyklaryň birinde beren gürrüňi aýtmakçy bolýaryn. Uruş ýyllarynyň ahyrlarynda , açlyk wagtynda Kerimleriň maşgalasy Tejene, “Tejenstroý” diýen ýere göçüp barýar. Kerim şol wagtlar 16-17 ýaşlarynda. Ol bir owadan gyzy görüp, oňa aşyk bolýar. Ol gyzam Kerimi gowy görüpdir. Ol şol söýgüsi barasynda soň:

“Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy,
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň”

- diýip başlanýan “Ýaşlyk dramasy” atly meşhur goşgusyny ýazdy. Soň Kerim dagy yzyna, Ahala göçüp gelýär. Kerim şol gyzy ýatdan çykaryp bilmeýär, biziň obamyzdan - Kirow raýonynyň Budýonnyý adyndaky kolhozdan bir oglan şol gyza öýlenýär. Bu habary eşidip, Kerim gaty gynandy, ruhy erbet ejir çekdi. Duşuşanymyzda içine sygdyryp bilmän, gürrüň berýärdi. Oba gidenimde maňa “ Şol gyza salam aýt menden” diýip, sargyt ederdi. Bir gezegem: “Oba gideňde, menem alyp gitsene özüň bilen, Ata!” diýip, haýyş etdi.

Bir gezek obamyza Kerim bilen bile gitdik. Öýde çaý-çörek iýip: “Şol gyzy bir göreýin-le” diýdi. Indi ol gelin. Kişi maşagalasy. Onsoň biz tirkeşip, şol gelniň öýüne salam berip bardyk. Öýde gelniň adamsy, gaýyn atasy, gaýyn enesi, gelniň özi, başga-da birki sany adam oturan eken. Öýüň eýesi bizi hormat bilen kabul etdi. Bizi goýbermän, çaý-çörek hödür etdiler, şeýdip, biz oturdyk. Otyrkak Kerim şol ýaşmakly oturan gelne gözüniň gytagy bilen seredýärdi, duýdurman. O gelnem gözüniň gytagy bilen bildirmän, Kerime seredýärdi. Ýöne öýde oturanlaryň bu ýagdaýy duýanyny, duýmanyny bilmedim.

Onsoň turup gidiberjek bolanymyzda, öýüň eesi: “Siz iş bilen geldiňizmi?” diýip sorady. Men aljyradym. “Biriniň öýüne barýadyk weli, ýol ugruna siz bilenem salamlaşaýaly diýip sowlaýdyk, başga bir işimiz ýok, şoň üçinem giräýdik, sag oturyň” diýibem, çykyp gaýtdyk.

Soň-soňlaram, her sapar oba gidemde, Kerim salam ibererdi. Şol gelin bir tahýa tikipdir hem olardan Kerime gowşurmagy haýyş edip, menin inilerime gowşurypdyr. Onsoň bir gezek inilerim öýe gelende, şol tahýany özleri bilen alyp geldi. Kerime gowşurmagy şol gelniň haýyş edendigini aýtdylar. Menem tahýany Kerime gowşurdym. Soňra Kerim şol tahýany mydama, kellesine geýmese-de, ýüreginiň üstünde göterer ýörerdi. Ol şol gyzy şeýle gowy görüpdir, emma näme, kysmat däldir-dä, ony alyp bilmedi.

Kerim Gurbannepesow bilen bagly ýene bir ýagdaý hakda taryh ylymlarynyn doktory, professor Ata Rejebow şeýle gürrüň beripdi:

—Filosof, professor Gylyç Mülliýew 1945-46-njy ýyllarda Magtymgulynyň köp goşgularyny “Sowet edebiýaty” žurnalynda çap etdirdi. Gowy iş etdi, uly iş etdi welin, şondan ýigrimi ýyl geçensoň, Akademiýadan iki-üç sany içigara adam: “Gylyç Mülli beýik Magtymgula töhmet atýar. Ol eserler Magtymgulynyňky däl, onuň özüniňki” diýip, Merkezi Komitete arza ýazypdyr.

Şol arzany ara alyp maslahatlaşmaly bolanda, Ýazyjylar soýuzynda Berdi Kerbabaýew şol ýygnagy alyp bardy. Ýygnakda Hydyr Derýaýew, Aman Kekilow, Beki Seýtäkow, Gylyç Kulyýew, Kerim Gurbannepesow dagy çykyş etdi. Olaryň ählisi töhmetçileri tankytladylar. Meniň şu günki ýaly ýadymda, şonda Kerim şeýle diýdi: “Gylyç Mülli gaty uly iş bitirdi. Muňa sagbolsun aýtmaly, käýniç zat berjek bolmaly däl-de, gaýtyp ony sylamaly. Eger şol goşgulary, şol şygyrlary Gylyç Mülliň özi ýazan bolsa, onda ol şygyrýet äleminde äpetleriň bir bolýar ahyryn!” diýdi.

Onsoň ýygnagy Berdi Kerbabaýew jemledi, ýazylan arza nädogry diýlip tapyldy. Şondan birnäçe ýyl geçenden soň, Kerim Gurbannepesowyň edebiýat meýdanynda bitiren uly işlerini nazarda tutup, onuň kandidaturasyny Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzalygyna hödürlediler. Muny intelligensiýa goldady. Ýöne içigara adamlar tapylýar-da. Kerime zyýan ýetirjek bolup, onuň kandidaturasyny geçmezlik üçin hereket etdiler. Kerim bu ýagdaýa gaty gynandy, ýüregine alyp, basym ýogaldy. Kerim ýaly şahyrlaryň goşgularyny öň berýärdiler, emma garaşsyzlyga çykanymyzdan soň şol goşgulary, eserleri bermelerini gaty azaltdylar ýa düýpden berenoklar. Şony halka ýetirseler, gowy bolardy.

Kerim Gurbannepesowa ýönekeý adamlaryň garaýşy nähili? Aşgabatly zenanyň aýdanlary:

—Kerim Gurbannepesiň ýatan ýeri ýagty blosun, ömri gysga eken pahyryň. Ýaman gowy görýän şahyrlarymyň biridi. Dürdäne sözleri bar. Haýsy goşgusyny, haýsy poemasyny okasaň, ol haýsy döwre degişli bolsa, şol döwri janly şekilde göz öňüne getirýär. Ömürlik ýazylan zatlar-da!

Kerim Gurbannnepesowyň aýal-gyzlar barasynda ýazan eserleriniň ählisi olaryň gözelligine, elleriniň çeperligine, işeňňirligine bagyşlanyp, şol agzalanlary dürdäne sözler bilen örän çeper beýan edýärdi. Onuň çykyşlaryna il süýşüp barardy, radioda-telewideniýede eserlerlerini okanda, radio-telewideniýeden aýrylman, gulak asyp oturardyk. Gowy, görmegeý adamdy. Ýokary adamkärçiliklidi, uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýalydy. Hemmäniň öz dilini tapyp, şol dilde gürleşerdi. Arman, ömri gysga eken pahyryň. Onuň “Ömür” diýen goşgusynyň bir bendini okap bereýin:

“Irden synladym günüň doguşyn,
Öýlän synladym onuň ýanyşyn,
Agşam synladym onuň ýaşyşyn,
Üçüsem ajap, şeýdip ýaşalsyn,
Şeýdip ýaşylsyn!”

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Ýowşan Annagurban:

—Kerim agadan bize bugdaý çöregi ýaly goşgular, paýhasa hem gözel duýgulara, ýumora hem gussa ýugrulan ajaýyp eserler galdy. Dogrusy, biziň edebi neslimiz üçinem, eger bilseler, bizden soňkular üçinem Kerim aganyň sapaklary uly boldy. Ýetginjek döwrümiz biz onuň “Ýaşlyk dramasyny” ýat tutduk. “Gumdan tapylan ýüregini” ýüregimize ýazdyk. Soň onuň özi bilen duşuşmak, görüşmek, öýüne barmak, işde çaýlaşmak bagtyna ýüzümiz düşdi. Ýöne biz bu eziz adamy juda ir ýitirmek betbagtçylygyna-da uçradyk. Biziň edebi neslimiz onuň bilen şol sentýabr güni ilki onuň bizi hemişe güler ýüz bilen garşy alan otagynda, soň gonamçylykda aglap hoşlaşdy.

Şol sentýabr güni iş otagynda Kerim aga hiç kimiň salamyny alman ýatyrka, hiç kime adat bolan degişmeleri bilen ýüzlenmeýärkä, onuň geýen eşikleri bolsa howludaky ýüpe serilgikä, bir pukara ýazyjynyň aýdan sözleri ýadyma düşdi, ol ýazyjy şonda: “Hudaý türkmene ýazyjam, şahyram, kompozitoram, alymam, döwlet işgärinem berýär, hakykysyny berýär onda-da. Ýöne türkmen olaryň hiçisini saklap başaranok, sylap bilenok, ir aldyrýar. Galp adamlary bolsa depesine çykarýar” diýipdi. Belki, ne öýünde, ne işinde sylanýan pakyr ýazyjydan beýle sözelere garaşmanymdan, belki-de, onuň bu pikiriniň beýdip pyşyrda ýakyn däl-de, gygyryp aýdylmaly hakykat bolanlygyndan bu sözler ýygy-ýygydan ýadyma düşýär.

Kerim aga halk içinde ykrar edilen halk şahyrydy. Biziň gören türkmen halkymyzyň içinde Kerim aga ýaly meşhur başga bir döwürdeş türkmen şahyry ýokdy. Ol öz ildeşleriniň içinde: alymlaryň hem daýhanlaryň, işçileriň hem emeldarlaryň arasynda deň derejede tanymaldy. Bu meşhurlyk ýöne ýerden däldi. Ol şahyrdy, özem üýtgeşik şahyrdy. Owadan ýürekli, ýönekeý sözlere görülmedik mähir çaýyp bilýän, akyl bilen duýgyny, guwanç bilen söýgini, mylaýym ýumory öz poeziýasyna juda ýeser halkylyk bilen sindirip bilen şahyrdy. Onuň poeziýasy guwançly zatlara beýik guwanç duýgusyny, gynançly zatlara uly hasrat berip bilýänligi bilen özüne çekýärdi.

Elbetde, Kerim aga halk içinde meşhurlygyndan başga hökümet tarapyndanam sylanardy. Ol heniz 37 ýaşynda “Halk ýazyjysy” diýen derejäni alypdy. Sylagly redaktordy. Bu bolsa onuň zehinine göriplik edýänleriň, bahyllaryň gonjuna gor guýýardy. Hatda meniň özüm Ýazyjylar soýuzynyň işiginde: “Edebiýatda Kerim Gurbannnepesiň kulty bar, şol kulty ýok etmeli” diýen gürrüňleri eşidipdim. Emma Kerim aga şol kulty KGB ýa “Kalaşnikow” awtomaty bilen gazanmandy, öz poeziýasy bilen döredipdi. Onuň bir goşgusynda aýdylyşy ýaly “Zehinliň elinden zehinini alyp, zehinsize zehin bermek mümkin däldi”. Haýp, zehiniň ýagysy köp bolýar. Gurbannazar şahyr aýtmyşlaýyn “Adamyň zehini uly bolanda, bahyllar oňa has agyr labyr atýarlar”. Ýöne halk hiç wagt bahyllar, göripler bilen däl, zehinli ogullary, gowy ýürekli ynsanlary bilen belentdir. Kerim aga-da şol belentlige dahylly bolupdy we şol dahyllylygyna-da galýar.
XS
SM
MD
LG