Sepleriň elýeterliligi

Belarus “Gündogar hyzmatdaşlygy” sammitine gatnaşygyny ýatyrýar


Belarus anna güni Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň gündogar Ýewropanyň bäş ýurdy bilen sammitine gatnaşygyny ýatyrdy.

Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk "Gündogar hyzmatdaşlygy" sammitiniň gepleşikleriniň ikinji gününiň açylyşynda belarus delegasiýasynyň maslahata gelmändigini yglan etdi.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda "diskrimanisiýa esaslanýan hyzmatdaşlyga gatnaşmagyň mümkin däldigi" aýdylýar.

Bu beýanat sammitiň guramaçylaryny, prezident Aleksandr Lukaşenkony çagyrmazlyk we belarus delegasiýasyny çäklendirmek bilen, Belarusa garşy görülmedik diskriminasiýa ýol bermekde aýyplaýar.

Bu beýanat Polşanyň premýer-ministri Donald Tuskyň penşenbe güni belarus režimini ähli syýasy tussagy boşatmak çagyryşyndan soň ýaýradyldy.
XS
SM
MD
LG