Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: döwlet edaralarynda namaz okamak gadagan


Gazagystanly musulmanlar Almatydaky metjitde, 2010-njy ýyl.
Gazagystanly musulmanlar Almatydaky metjitde, 2010-njy ýyl.

29-njy sentýabrda Gazagystanyň parlamentiniň deputatlary “Dini hyzmat we dini guramalar” baradaky kanunyň taslamasyny makulladylar. Indi bu dokumentiň ykbalyny prezident çözer. Emma adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri bu kanun proýektini kabul etmezlige çagyrýarlar.


29-njy sentýabrda Gazagystanyň parlamentinde “Dini hyzmat we dini guramalar” atly kanun proýekti parlamentiň aşaky we ýokarky palatalarynda biragyzdan makullandy. Gazagystanyň Din işleri boýunça agentliginiň başlygy Gaýrat Lama Şarif bu proýektiň esasy maksadynyň – Gazagystandaky 4,500 sany dini birleşmeleriň işini kadalaşdyrmakdan ybaratdygyny, halkyň dünýewiligini saklamakdygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu kanun proýekti kabul edilse-de, ondaky käbir punktlar düşnüksiz bolup galýar. Meselem, proýektiň 7-nji maddasynyň 3-nji punktunda döwlet edaralarynda namaz okamak gadagan diýilýär we namaz okanlaryň jogapkärçilige çekiljekdigi aýdylýar. Emma edaralarda namaz okanlara nähili jeza beriljekdigi we näçe jerime salynjakdygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Gazagystanyň din işleri boýunça agentliginiň başlygy Gaýrat Lama Şarif: “Adamlar namazy metjitlerde okamaly. Onsoňam biziň agentligimize ir sagat 5-däki namaza çagyryşlaryň – azan sesini peseltmek barada kän arza gowuşdy” diýýär.

Proýektiň parlamentdäki masalahatyna gatnaşan syýasaty öwreniji Dos Köşim özüniň proýektiň 7-nji maddasyndan närazygyny bildirdi. “Meselem, çilim çekmäge rugsat bar. “Perekur” diýýärler. Şol perekurda namaz okamak mümkin dälmi?! Men-ä şoňa düşünemok” diýip, Dos Köşim aýdýar.

Köşimiň pikirine görä, proýektdäki, ölen adamyň jynazasyny hem metjidin howlusynda okamaly we jesedi şol ýerden çykarmaly diýilmegi-de adamlaryň närazylygyna sebäp bolýar. Sebäbi metjitden gaty uzakda ýerleşýän obalar bar.

Çözgütmi?

Gazagystanly beýleki bir syýasaty öwreniji Rasul Jumaly din meselesinde gadagançylyk girizmeli däl-de, il arasynda düşündiriş işlerini alyp barmaly diýen pikiri öňe sürýär: “Täze proýekt diňe gadagançylyga esaslanypdyr. Gadagançylygy din ýaly ynjyk meselede ulanyp bolmaýar. Gadagançylyk girizmek we adamlara jerime salyp, jogapkärçilige çekmek bilen mesele çözülmeýär. Dawanyň soňy uly jenjele öwrülmegi mümkin”.

Täze kanun proýekti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça geňeşini hem biparh galdyrmady. Guramanyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça geneşiniň başlygy Ýanez Lenarçiç bu proýektiň din erkinligine şek ýetirýändigini duýdurdy. Ol gazak hökümetini bu proýekte gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Gazak parlamentinde makullanan “Dini hyzmat we dini guramalar” barasyndaky proýekti goldaýanlaryň sözlerine görä, ol dini ekstremizm bilen göreşmäge kömek eder. Emma adam hukuklary boýunça halkara “Freedom House” guramasy bu proýektiň gazagystanlylaryň dini erkinligine şek ýetirýändigini aýdyp, ýörite beýanat ýaýratdy. Gurama gazak parlamentini bu proýekti goldamazlyga çagyrdy.

Gazagystanyň din işleri boýunça agentliginiň başlygy Gaýrat Lama Şarifiň sözlerine göra, “kabul edilen kanun şerigata garşy däl we bu dindarlaryň hukuklaryny çäklendirmeýär”.
XS
SM
MD
LG