Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus tussaglaryň eneleriniň protestini dargatdy


Duşenbe güni Belarusyň polisiýasy adalatsyz tussag edilen diýlip hasaplanylýan tussaglaryň bir toparynyň eneleriniň geçiren protestini dargatdy.

Minsk şäheriniň merkezinde geçirilen bu çärede belarusly aýallaryň onlarçasy ellerine “Resmiler – jenaýatçylar!”, “Prezident administrasiýasy - bikanunçylygyň goragçysy!” diýen ýaly ýazgylar ýazylan şygarlary göterip, çykyş etdiler.

Bu wakanyň fonunda duşenbe güni Belarusyň oppozisiýa lideri Andreý Sannikowyň aýaly Irina Halyp öz äriniň tussaglykdan azat edilmegine ýardam etmeklerini haýyş edip, Orsýetiň prezidentiniň hem-de premýer-ministriniň aýallaryna ýörite ýüzlenme gönderdi.

Andreý Sannikow geçen ýylyň dekabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesine protest bildirilip gurnalan demonstrasiýalarda aýyplanyp, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG