Sepleriň elýeterliligi

Saýlaw kampaniýasy başlandy, dalaşgärler belli däl


Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýanyň başlygy Orazmyrat Nyýazlyýew (sagda) we Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabat, 2011-nji ýylyň awgusty.

Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýanyň başlygy Orazmyrat Nyýazlyýew (sagda) we Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabat, 2011-nji ýylyň awgusty.

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýasy prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanyndaky kampaniýanyň başlananlygyny resmi derejede yglan etdi. Merkezi komissiýa saýlawlaryň geçiriljek gününi hem resmi derejede belledi. Emma prezidentlik saýlawlarynda döwlet baştutany wezipesine dalaşgärler barada habar berilmedi.


2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Bu sene Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýa tarapyndan resmi derejede kesgitlendi. Merkezi saýlaw komissiýasy paýtagtyň, welaýatlaryň, etraplaryň saýlaw komissiýalarynyň düzümini hem tassyklady, olaryň saýlaw güni işlejek wagtyny-da kesgitledi. Saýlaw kampaniýasynyň plany we onuň amala aşyrylmagy üçin zerur dokumentleriň nusgalary hem tassyklandy.

3-nji oktýabrda geçirilen maslahatda Merkezi saýlaw komissiýasy şaýlawlary geçirmek üçin amala aşyrýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi, hususan-da, saýlaw bölümlerini döretmek we olary maddy-tehniki taýdan enjamlaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýanlygyny, türkmen raýatlarynyň mynasyp kandidaty saýlamak baradaky konstitusion hukugynyň berjaý edilmegi üçin “ilat arasynda düşündiriş işleriniň giňden geçirilýänligini” habar berdi.

Kimlerden kimi saýlamaly?

Emma Türkmenistanyň raýatlarynyň prezindet wezipesine kimlerden kimi saýlamalydygy henizem nämälim bolup galýar. Saýlaw kampaniýasynyň resmi taýdan başlanandygyna garamazdan, prezidentlik wezipesine dalaşgärler meselesi gozgalman gelýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky kanuna laýyklykda, häzir dalaşgärleriň hödürlenmegine ýene iki aýa golaý wagt bar. Kanunyň 27-nji maddasyna görä, Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgäler saýlawlaryň 60 gün öňünden öňe sürlüp başlanmaly. Bu iş saýlawlara 30 gün galanda jemlenmeli.

Emma Merkezi Aziýa boýunça analitik, Moskwadaky Karnegi merkeziniň bilermeni Alekseý Malaşenko Türkmenistanda dalaşgärler meslesiniň gozgalmaýanlygyny kanun bilen däl-de, syýasy režimiň aýratynlygy bilen baglanyşdyrýar:

— Ýurtda edilýan işleriň kanuny tejribelere laýyk bolmagynyň uly bir ähmiýeti ýok. Sebäbi bar zat prezident boljak anyk bir adamyň bu wezipä arkaýyn we päsgelçiliksiz geçmegi üçin edilýär. Men Berdimuhamedowy göz öňünde tutýaryn. Hiç zat bu ýagdaýyň öňüni alyp bilmeýär.

2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna Türkmenistanyň daşynda hereket edýän syýasy oppozisiýa hem gatnaşmak isleýär. Bu barada oppozisiýanyň iýul aýynda ýaýradan bilelikdäki beýannamasyna Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision “Respublikan” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow, “Watan” syýasy-jemgyýetçilik hereketiniň başlygy Hudaýberdi Orazow we Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow tarapyndan gol çekildi.

Türkmen oppozisiýasy bu prosesde ÝHHG-den hem ýardam sorady. ÝHHG-niň Warşawada geçirýän adam ölgeçleri boýunça ýyllyk maslahatynda eden çykyşy barada Nurmuhammet Hanamow Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

— Biz ÝHHG-den goldaw soradyk. Türkmenistan bolýar diýse, biziň käbir şertlerimiz bar. Biz şony Türkmenistanyň wekilleri bilen maslahatlaşjakdyk. Biz muňa ÝHHG-niň hem gatnaşmagyny haýyş etdik.

Oppozisiýanyň gatnaşmagy üçin nähili şert bar?

Emma Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozisiýa wekilleriniň saýlawlara gatnaşmagy Konsitusiýanyň käbir maddalaryna ters gelýär. Hususan-da, dalaşgär bolmak isleýän Türkmenistanyň raýaty soňky 15 ýylyň dowamynda ýurtda ýaşan bolmaly we döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik bileleşiklerinde ýa guramalarynda işlemeli. Üstesine, sud edilen adam prezidentlige dalaşgär bolup bilmeýär.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozisiýa wekilleriniň ençemesi 2002-nji ýylyň noýabrynda prezident Saparmyrat Nyýazowyň “janyna kast etmäga synanyşykda” günälenip, olara Türkmenistanda uzak möhletleýin iş kesilipdi. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki saýlawlara ýurduň daşyndaky oppozisiýanyň gatnaşmagyna garşy däldigini yglan etdi.

8-nji iýulda Abadandaky partlamalaryň yz ýany eden çykyşynda prezident Gurbanguly Beridmuhamedow şeýle diýdi:

— Biz özüni oppozisiýa diýip atlandyrýn toparlar bilen hem hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýäris. Eger oppozisiýa girýän adamlardan kimder biri öňde duran prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildirse, onda ol biziň ýurdumyza gelip bier. Men olara Türkmenistnyň ähli raýatlary bilen deň derejede deňhukukly esaslarda saýlawlara gatnaşmaga mümkinçilikleriň dörediljekdigini doly kepillendirýärin.

Türkmen oppozisiýa wekilleri özleriniň saýlawlara gatnaşmagyna degişli meseläniň resmi Aşgabat bilen dialog arkaly çözülmelidigini aýdýarlar. Emma olar türkmen hakimiýetlerine ýollan öz ýüzlenmelerine şu çaka çenli hiç hili jogabyň bolmanlygyny belleýärler.

“Hiç bir habar-hatyr bolmady”

Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow öz iberen ýüzlenmeleri barada şeýle diýýär:

— Şu güne çenli hiç bir habar-hatyr bolmady. Bu işi ýola goýmak üçin aýratyn bir reglament döredip oturmak gerek däl. Hökümet tarapy Berdimuhamedowyň aýdanlaryny resmi çagyryş bilen ykrar edenliginde, biz göni baraýmaly Türkmenistana. Emma bu şu günki güne çenli edilmän gelýär. Onuň sebäpleri prezident Berdimuhamedowa bagly. Eger bu saýlawlara oppozisiýa gatnaşmasa, onda Gurbanguly Berdimuhamedow öz sözüniň eýesi däldigini bütin dünýäniň öňünde boýun almaly bolýar.

Söýünow 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna Türkmenistanyň içinden hem dalaşgarleriň heniz hödürlenmänligine saýlawlaryň bäsdeşlik esasda geçirilmejeginiň alamaty hökmünde garaýar.

Dört aýdan boljak prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp-gatnaşmajagyny Türkmenistanyň hazirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem entek mälim edenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG