Sepleriň elýeterliligi

Kosowada adam organlaryny satmakda aýyplanlar sud edilýär


Sişenbe güni Kosowada bikanun ýollar arkaly adam organlaryny satmakda aýyplanýan ýedi adamyň işi boýunça sud diňlenişigi başlady.

Kosowanyň bu raýatlary 15 müň ýewro pul tölemekligi wada bermek bilen, Moldowanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkiýäniň raýatlarynyň beden organlaryny bikanun ýollar arkaly kesip alanlykda aýyplanýarlar.

Kosowanyň prokuratura işgärleri diňe 2008-nji ýylyň özünde Priştina şäherinde azyndan 30 adamyň beden organynyň kesilendigini aýdýarlar.

Ýewropa Bileleşigi Kosowada bu ugurda amala aşyrylan jenaýatlary derňemek boýunça ýörite derňew toparyny döretdi.
XS
SM
MD
LG