Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad Türkiýäniň radar kararyny ýazgardy


Sişenbe güni Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Türkiýäniň NATO-nyň howa-radar sistemasynyň öz territoriýasynda ýerleşdirilmegine rugsat berendigini aýdyp, onuň bu hereketini ýazgardy.

Sişenbe güni bu barada Eýranyň döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda prezident Ahmedinejad NATO-nyň bu radar sistemasynyň Eýranyň Ysraýyla garşy amala aşyrmagy mümkin howa hüjümlerine garşy gönükdirilen diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Ol bu waka boýunça Eýranyň häkimiýetleriniň Türkiýä öz nägilelik notasyny gönderendigini-de mälim etdi.
XS
SM
MD
LG