Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý: Hindistan bilen şertnama Pakistana täsir etmez


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Hindistan bilen özüniň gol çeken Hyzmatdaşlyk şertmanasyndan Pakistana howpuň abanmaýandygyny aýtdy. 4-nji oktýabrda Hamid Karzaý bilen Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh özara strategiki hyzmatdaşlyk baradaky şertmana gol çekipdiler.

Bu mesele bilen bagly 5-nji oktýabrda Nýu-Delide eden çykyşynda prezident Karzaý şeýle diýdi: “Men Pakistan hem Hindistan barada aýtsam, Pakistan biziň ekiz taýymyz ýaly, Hindistan bolsa biziň ýakyn dostumyzdyr. Düýn dostumyz bilen özara gol çekişen şertnamamyz biziň doganymyza täsir etmez. Bu şertnama Owganystany ösdürmek maksady bilen gol çekildi”.

Owgan prezidentiniň Hindistana edýän iki günlük sapary Kabulyň Yslamabat bilen gatnaşyklarynyň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi. Hamid Karzaý Owganystanyň öňki prezidenti Burhaneddin Rabbanynyň öldürilmegine Pakistanyň Aňtaw gullugynyň dahylly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG