Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da NATO-nyň programmalary üçin serişde ýok


Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri ýurtdaky serişde ýetmezçiligi sebäpli özleriniň NATO-nyň harby programmalarynyň defisitiniň üstüni dolduryp bilmejegini mälim etdi. Bu barada Leon Panetta Brýuselde NATO ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň çarşenbe güni başlanan maslahatynda aýtdy.

Panetta NATO ýurtlarynyň wekillerini has ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Ol Atlantikanyň iki tarapynda hem maliýe krizisiniň ýiti duýulýan döwri howpsuzlygy has netijeli üpjün etmek meselesine köp ünsüň berilmelidigini nygtady.

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministleri Brýuselde geçýän maslahatda Liwiýadaky hem Owganystandaky harby hereketleriň gidişi bilen tanşyp, dörän kynçylyklar barada pikir alşarlar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG