Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümeti “ar alyş çäreleri” bilen haýbat atýar


Siriýanyň hökümeti bosgunlykda döredilen oppozision Milli geňeşi ykrar eden islendik ýurda garşy “ar alyş çäreleri” bilen haýbat atýar.

Bu barasynda ýekşenbe güni Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Mugallem aýtdy. Ol şeýle-de anna güni siriýaly kürtleriň lideri Meşaal at-Tammonyň ölüminden soň Türkiýe tarapyndan edilen tankydy-da ret etdi.

Şenbe güni Meşaal at-Tammonyň jaýlanyş çäresinde köpçülikleýin protest çykyşyna öwrülen bu çärä gatnaşyjylara garşy howpsuzlyk güýçleri ýarag ulandylar. Wakada 5 adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG