Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan 20 adam terrorizmde şübhelenip, tussag edildi


Gyrgyzystanyň Oş we Jelalabad regionlarynda howpsuzlyk güýçleriniň geçiren çärelerinde 20 adam terrorizmde şübhelenip, tussag edildi.

Oş şäheriniň içeri işler bölüminiň metbugat wekili Zamir Sydykowyň AFP habar gullugyna aýtmagyna görä, polisiýa häzire çenli 20 adamy terrorizme gatnaşygy bolanlykda gümän edip saklapdyr. Onuň sözlerine görä, gözleg işleri we tussag etmeler henizem dowam edýär.

Mundan öň, Zamir Sydykow 8-nji oktýabrda polisiýa radikal yslamçy söweşiji bolmakda güman edilýän bir adamyň öldürilendigini hem habar beripdi. Maglumata görä, ol adam gadagan edilen “Jihad geňeşiniň” agzasy eken.
XS
SM
MD
LG