Sepleriň elýeterliligi

Çikagoda amerikan raýatlary protest aksiýalaryna çykdylar


Düýn Çikagoda müňlerçe adam, şol sanda mugallymlar, tanymal din wagyzçylary sosial deňsizlik sebäpli köçelere çykdylar.

Manifestasiýaçylar biri-biriniň elinden tutup, şäheriň esasy köçeleriniň biriniň gatnaw böleginde oturyp, “Biziň mekdeplerimizi halas ediň! Biziň öýümizi halas ediň!” diýen şygarlara gygyrandan soň, polisiýa olaryň 27-sini saklady.

Çikagonyň şäher meri Ram Emanuel soňky onýyllykda ABŞ-da bolup geçýän ykdysady prosesleriň orta synpyň belli bir böleginde gahar-gazap döredýändigini, öň adamlaryň beýle duýgyny başdan geçirmändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG