Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da nigeriýaly raýatyň üstünden sud diňlenişigi başlandy


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlarda “içki geýim partlaýjysy” lakamy berlen nigeriýaly raýatyň üstünden sud diňlenişigi başlandy. Detroýt şäherinde geçýän sud prosesinde 2009-njy ýylyň 25-nji dekabrynda ýolagçy uçaryny partlatmak synanyşygy boýunça işe seredilýär.

24 ýaşly Umar Faruk Abdulmutallaba jemi alty aýyplama bildirilýär. Eger-de günäsi subut edilse, oňa ömürlik türme tussaglygynyň berilmegi mümkin. Abdulmutallab özüne ýöňkelýän aýyplamalary inkär edýär.

Sud prosesinde sudýanyň sözlerine görä, Abdulmutallab özüniň içki geýminde ýolagçy uçarynyň bortuna partlaýyjy serişdäni geçirip, ony partlatmaga synanyşypdy. Emma bomba partlamady.
XS
SM
MD
LG