Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mobil aragatnaşyk barha ýaramazlaşýar


Ýurtda ýeke-täk mobil aragatnaşyk operatory bolan “Altyn asyryň” işleýşinden köpler nägile.


Ýurt baştutany bu ulgama gözegçilik edýän ministre kemçilikleri düzetmäge 3 gün möhlet berip, eger ol tabşyrygy berjaý edip bilmese, işden boşatmak duýduryşy bilen öz nägileligini bildirýän bolsa, ýönekeý raýatlar bu kärhananyň hyzmat ediş nokatlaryndaky işgärleri bilen käýeşip, öz nägileliklerini bildirýärler.

Ýöne, muňa garamazdan, ýurtda mobil aragatnaşygynyň hili gowulanyp baranok. 34 ýaşly, aşgabatly telekeçi Meýlis Gurbanow “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň aragatanaşygynyň soňky wagtlar has-da ýaramazlaşandygyny aýdyp, şeýle gürrüň berdi:

—“Altyn asyryň” aragatnaşygynyň hili 2 hepde bäri öňküden hem beter ýaramazlaşdy. Jaň etjek bolsaň, köplenç halatda 5-6 gezek yzygiderli jaň etmeli. Gerekli nomere düşäýseň-de, söhbetdeşiň sesini tanar ýaly däl. Onuň sesi ýarawsyz adamyňka meňzeş bolansoň, kä halatda söhbetdeşiň saglyk ýagdaýyny soranyňy hem duýman galýarsyň. Sesiň kesilip gelmegi bolsa, köplenç halatda aýdylan zady gaýtadan soramaga mejbur edýär. “Altyn asyryň” internetiniň hili hem-de tizligi öňküsinden hem beter pese gaçdy. Günortanlar internete asla girip bolmaýan halatlary hem bolýar. Hatda elektron poçtany hem açmak kyn bolýar. Diňe gije internetiň tizligi birneme gowulanýar. Şonuň üçin, biziň ýurdumyzda gijeki internet ösen diýseň hem bolýar.

Geçen ýyl “Altyn asyr” 3G ulgamdaky mobil aragatnaşygyny müşderilerine hödürläp başlady. Şondan soň bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Emma 3G mobil aragatnaşygy “Altyn asyryň” gurşawynyň çäkleriniň hemme ýerine ýaýramady. Hatda Aşgabadyň töweregindäki obalaryň hem köpüsinde 3G mobil aragatnaşygy ýok. Şonuň üçin, bu prowaýderiň oba ýerlerindäki müşderileri esasan 2G formatdaky mobil telefon we internet aragatnaşygyndan peýdalanmaly bolýarlar.

“Altyn asyryň” 2G mobil telefon we internet aragatnaşygynyň hili 3G formatdakydan has pes. 2G internetiniň nyrhy hem ýokary. 3G internetde 1 megabaýt möçberindäki maglumat üçin 7 teňňe tölemeli bolsa, 2G-de 20 teňňe tölemeli.

Ýurtda internet aragatnaşygyny hödürleýän, döwlete degişli ikinji prowaýder “Türkmentelekom” adaty telefon liniýasy arkaly dial-up internetini hem-de ADSL internet hyzmatyny hödürleýär. Bu prowaýderiň ADSL internetiniň tarifleri gymmat bolansoň, esasan edara-kärhanlar bu hili internetden peýdalanýarlar. ADSL internet aragatnaşygy ýokary tizlikli hem-de durnukly diýlip hasaplanýar. Emma soňky wagtlar ADSL internetiniň hem hiliniň peselendigini hususy edaranyň işgäri Maksat Berdiýew aýdýar.

—Biziň edaramyz limitsiz ADSL interneti üçin aýda 426 dollar töleýär. Bu internetiň tizligi gowy hem-de aragatnaşygy durnukly. Ýöne, eýýäm 2 hepde bäri internetiň tizligi peseldi. Aragatnaşygyň durnuklylygy hem ýitdi. ADSL internetini internet-kafeler hem ulanýarlar. Internet-kafelerdäki internetiň hili hem ýaramazlaşypdyr. Öň beýle däldi— diýip, Maksat gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti şu ýylyň 4-nji fewralynda ýurtda azyndan üç sany hususy mobil aragatnaşyk kompaniýalarynyň bolmalydygyny aýdypdy. Ýurt baştutany munuň haçan şeýle boljakdygyny aýtmansoň, bu babatda ilat arasynda dürli çaklamalar döredi. Ilkibada, aprel aýynda, soň maý aýynda täze prowaýder ýurtda işläp başlar diýen umytlary hasyl bolmansoň, adamlar sentýabr aýynda täze prowaýder işläp başlar diýen umytdadylar. Ýöne, umytdan düşmedik adamlar Garaşsyzlyk baýramyna bu ugurda öňe gidişlik bolar diýen niýetde. Sebäbi ilat arasynda ýurduň Garaşsyzlyk baýramynyň 20 ýyllyk toýuna aragatnaşyk ulgamy hem öz müşderilerine sowgat eder diýen ynam ýok däl.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG