Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International” Liwiýadaky gynamalary tankytlady


Liwiýanyň häkimiýetden çetleşdirilen ozalky lideri Muammar Kaddafiniň tarapynda urşan tussaglar geçiş hökümetiniň güýçleri tarapyndan gynamalara sezewar edilipdir. Bu barada “Amnesty International” guramasy habar berýär.

Guramanyň penşenbe güni ýaýradan hasabatyna görä, Kaddafiniň tarapynda uruşmaga hakyna tutulan afrika söweşijileri ýowuz gynamalaryň nyşanasy bolupdyr. Hasabatda Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşine esassyz tussag etmeleri we tussaglary gynamagy bes etmäge çagyryş edilýär.

“Amnesty International” guramasynyň aýtmagyna görä, Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşi bu baradaky maglumatlary öwrenmegi boýun alypdyr.

Şu aralykda, Kaddafiniň ogly Mutassim Kaddafiniň ele salnyp-salynmandygy barada biri-birine çapraz gelýän habarlar peýda boldy.
XS
SM
MD
LG