Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bloggerlik: netijeler we garşylyklar


Moskwaly blogger Ilýa Warlamow (sagda) öz egindeşi bilen bile şäheriň “Leningrad” demirýol duralgasynda eli fotokameraly jemgyýetçilik ýagdaýyna syn edýär. Sentýabr, 2011.
Moskwaly blogger Ilýa Warlamow (sagda) öz egindeşi bilen bile şäheriň “Leningrad” demirýol duralgasynda eli fotokameraly jemgyýetçilik ýagdaýyna syn edýär. Sentýabr, 2011.

Moskwanyň adaty ýaşaýjysy Ilýa Warlamow eli “iphone” telefonly Moskwanyň ýol-gözegçilik polisiýasynyň golaýyndaky maýyplar üçin niýetlenen awtoduralga ýygy-ýygydan gözegçilik edýar. Bu onuň öz graždanlyk inisiatiwasy bilen edýan meýletin işi.


Moskwadaky maýyplar üçin niýetlenen awtoduralgalarda ozallar, köplenç, lowurdap duran “Mersedesler” durýan bolsalar, indi ol awtoduralgalarda has ýönekeýje, aýnalarynda maýyp sürüjilerdigini görkezýän nyşanlar ýelmengi ulaglar peýda bolup başlady. Muny 26 ýaşly Warlamowyň nobatdaky eden işi, kiçijik hem bolsa, ýeňşi hökmünde häsiýetlendirip bolar.

Onuň “Idiotsyz ýurt” atly başlan blogger kompaniýasy we Baş prokuratura ýollan hatlary ýol alyp, maýyplar üçin niýetlenen awto duralgalarda öz maşynlaryny bikanun goýýanlary diýseň utandyrypdy.

Ilýa Warlamow öz alyp barýan işi barada şeýle diýýär: “Meniň göwnüme ýaramaýan käbir, meniň pikirime görä, nädogry zatlar bar. Men bu ýagdaýy üýtgedesim gelýär. Şonuň üçin hem biziň her birimiziň daş-töwerekdäki şular ýaly ownuk zatlar hakda aladalanyp, beýleki adamlaryň hem ünsüni oňa çekmegi gerek. Bu biziň ählimiziň ýagdaýymyzy üýtegetmek üçin amal edilýän iş”.

Bloggerleriň jemgyýete täsiri

Bu ugurda tagalla edip, iş alyp barýan Ilýa Warlamowyň ýeke özi däl. Orsýetde bloggerleriň täze nesliniň kemala gelmegi bilen, internet äleminde hem jemgyýetçilik aktiwligi göz-görtele ýokarlandy.

Mysal üçin, Sergeý Dolýanyň “Hapasyz ýurt” atly alyp barýan kampaniýasy netijesinde diňe bir günüň dowamynda Orsýetiň köçelerinden 200 tonna golaý hapa-hupa aýrylypdy. Ýurist Alekseý Nawalnyý bolsa, özüniň alyp barýan işi bilen, korrupsiýa garşy barlyşyksyz söweşiji diýen at aldy.

Orsýetde köpçülikleýin habar serişdeleriniň aglabasynyň döwlet eýeçilindedigini göz öňünde tutsak, bloggerler awtoduralgalardan başlap, tä ýokary derejeli korrupsiýa çenli meseleleri gozgap, media boşlugyny doldurýarlar. Şeýdip, orsýetliler habarlary internetiň üsti bilen näçe köp alsalar, bloggerleriň tagallalaram şonça artýar.

“Lewada” barlaglar merkeziniň maglumatyna görä, Moskwanyň 15-30 ýaş aralygyndaky ýaşaýjylarynyň 74 prosenti habarlaryň esasy çeşmesi hökmünde internete ýüzlenýärler.

Orsýetiň jemgyýetçilik pikirii boýunça barlag merkeziniň sanlaryna görä bolsa, Orsýet boýunça graždanlaryň 31 prosenti her gün internetden peýdalanýar. Emma Orsýetiň ilatynyň 90 prosent töwereginiň entegem esasy habar çeşmesi hökmünde telewideniýeden peýdalanýandygy aýdylýar.

Häkimiýetler iňkisde

Ýöne bloggerleriň erkin pikir alyşmak dünýäsiniň garaňky taraplary hem az däl. Blog älemleriniň üsti bilen ýurduň aşa milletçi we ksenofobiýa akymlary özleriniň garaýyşlaryny ýaýratmaga maý tapýarlar.

Internet mediasynyň täsiriniň artmagy resmileriň hem ünsüni özüne çekmän durmady. Şu ýylyň 2-nji awgustynda Orsýetiň içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew öz eden çykyşynda ýurduň ýaşlarynyň “ekstremistik” ýollara baş urmagynda, hamala, erkin bolggerler günäkär ýaly äheňde gürruň etdi. Ol ýaşlaryň azaşmalarynyň öňüni almak üçin, internete gözegçiligi güýçlendirmegiň gerekdigini belledi.

Ministriň bu beýanatyna bloggerleriň biri “Indi Orsýetde pikir polisiýasy döredilýärmi?” diýip seslenipdi.

Prezident Dmitriý Medwedew internetde ekstremizme garşy göreşiň azat söze zyýan ýetirmeli däldigini özüniň çykyşlarynda gaýtalap aýdypdy. Ýöne käbir bloggerler resmileriň ekstremizme garşy göreş syýasatyna duwlanyp, oppozisiýadaky bloggerlere garşy herekete geçilmeginden howatyrlanýarlar.
XS
SM
MD
LG