Sepleriň elýeterliligi

Medeniýetsizlige, biparhlyga näme sebäp bolýar?


Ýaşlaryň jemgyýetçilik awtoulaglarynda oturgyçlary döwüp we olaryň çem gelen ýerine çyzyp, hapa sözler ýazýandyklaryna köpler duş gelýän bolsa gerek.

Ýaşlaryň jemgyýetçilik awtoulaglarynda oturgyçlary döwüp we olaryň çem gelen ýerine çyzyp, hapa sözler ýazýandyklaryna köpler duş gelýän bolsa gerek.

Gum içinde, adam aýagynyň seýrek düşýän çet-gyrak sebitlerinde mesgen tutunyp, mal-gara bilen meşgul bolup, ýa bolmasa göçüp-gonup ýören türkmenler indi ýok diýen ýaly. Soýuzyň düzüminde ýaşan türkmenleriň uly posýoloklary, etraplary, şäherleri we şäherçeleri emele getirip, medeniýetli, kadaly durmuşda ýaşap başlan döwrüni geçen asyryň 30-njy, 40-njy ýyllaryndan hasaba alýan ýaşuly nesiller häzir hem bar.

Garaşsyzlykdan soň Türkmenistanda täze etraplar hem döredildi. Täze etrap merkezlerini döwrebap ymaratlar görke getirýär. Etrap merkezlerini, şäherleri we şäherçeleri abadanlaşdyrmaga, dekoratiw agaçlar bilen bezemäge döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär.

Ýurduň içinde ýol gurluşygy agsaýar diýmeseň, jaý gurluşyklary, medeni ojaklaryň binalarynyň gurluşygy hem göze ilmän duranok. Oba ýerleri, elbetde, medeniýetli ýaşaýyşdan häzir hem belli bir derejede yzda.

Türkmenistandan daşary döwletlere okamaga, işlemäge, syýahatçylyga gidýän ildeşlerimiz az däl. Daşary ýurt telekanallary arkaly hem dünýäniň ösen döwletleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleri, dünýä medeniýeti bilen türkmen halky ýakyndan tanyş bolýar.

“Emma dünýä swilizasiýasynyň ösýändigine seretmezden, türkmenlerde medeniýet yza tesýär diýseň hem bolman duranok” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Berdi Gulgeldiýew aýdýar.

“Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, köpçülik ýerlerinde özüni salykatly alyp barmakda agsaýan ýaşlarymyz näçe diýseň bar. Bu meselede diňe ýaşlary aýyplamak, elbetde, nädogry bolar. Uly ýaşly adamlarda hem şeýle häsiýetler köp ýüz berýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Arassaçylyk

Edepsizligiň iň bir gözüňe ýakmaýan mysallary bolsa, arassaçylyk, tämizlik düzgünleriniň köpçülik ýerlerinde berjaý edilmezligidir.

Jemgyýetçilik awtoulagynda, Aşgabat.

Jemgyýetçilik awtoulagynda, Aşgabat.

​Türkmenistanda köpçülik ýerlerinde çilim çekmegiň, nas atmagyň, çigit çigitlemegiň gadagan edilendigine seretmezden, amatyny tapsa, ýaşlaryň çigit çigitläp, hapasyny oturan ýerine döküp gidýändiklerine, jemgyýetçilik awtoulaglarynda oturgyçlary döwüp we olaryň çem gelen ýerine çyzyp, hapa sözler ýazýandyklaryna, köçelerde haýatyň ýüzlerine, seýilgählerde agaçlaryň, oturgyçlaryň ýüzüne söýgi düşündirişlerini ýazýandyklaryna köpler duş gelýän bolsa gerek.

Şeýle biedep hereketler ýolagçy otlularynyň wagonlarynda hem duş gelýär. Uly ýaşly adamlaryň arasynda ogrynça nas atyp, soňra ony wagonyň içindäki haly düşegiň aşagyna tüýkürip goýberýän, tertipsiz adamlaryň hem bardygy gizlin zat däl.

Paýtagtyň merkezi köçeleri, soňky ýyllar örän arassa saklanýar. Jemagat hojalygy ministrliginiň işgärleri ir sagat 6-dan agşam 19-a çenli elleri sübseli, dik durup, köçeleri, duralgalary syryp-süpürýärler.

Elleri haltaly, köçä zyňlan plastmassa gaplary, polietilen paketleri, çilim gaplaryny, doňdurmanyň, konditer önümleriniň daşyndaky kagyz gaplary çöpläp ýören işgärlere her ädimde duşsa bolýar. Emma köçelere taşlanýan zir-zibilleri ýygnap tükedip bolmaýar.

Gözegçilik ýok däl

Berdi aganyň pikiriçe, medeniýeti, edep-ekramy bolmadyk ululy-kiçili ýaşaýjylary terbiýä çekmek üçin, şäheriň köçelerinde gözegçiligi güýçlendirmeli. Eýsem-de bolsa, gözegçilik ýok hem däl. Awtoulaglaryň aýnalaryndan zir-zibil zyňýanlara, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri gözegçilik edýärler.

Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, sürüji 50 manat möçberinde jerime tölemeli bolýar. Şeýle gözegçilik bar wagtynda hem, amatyny tapyp, köçäniň ugrunda zir-zibil taşlaýanlar näçe diýseň ýeterlik. Köçäniň ugrunda ekilen gülleri, agaçlary goparyp zyňyp taşlaýan çagalar hem az däl.

Geçen ýylky Täze ýyl baýramçylygyna iki gün galanda, öz ýaşaýan köp kwartiraly jaýynyň öňüne eken arça agajyny kimdir biriniň gije çapyp alyp gidendigini, 7-8 gün geçenden soň hem, gurap başlan arça agajyny çapyp alan ýerine zyňyp gidendiklerini Berdi aga gynanç bilen ýatlaýar.

Şeýle hereketleriň, biedepligiň, biparhlygyň özeni eýsem nireden gelip çykýar? Türkmen ýaşlarynyň arasynda barha orun alýan biedepligiň öňüni almak üçin näme etmeli? Bu soraglara jogap tapmak ýeňil iş däl.

Berdi aganyň pikiriçe, döwre görä owadan ýaşamaga, gözelligi söýmegi, goramagy başarmaga Türkmenistanda ähli mümkinçilik bar. “Diňe her bir ynsan özünde erk-ygtyýar tapyp, beýlekilere hem ýagşy görelde bolmagy başarmaly” diýip, ol sözüni jemleýär.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG