Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada sosialistler prezidentlige öz dalaşgärini saýlaýar


Şu gün Fransiýanyň Sosialistler partiýasy geljek ýylky prezidentlik saýlawlarynda häzirki prezident Nikola Sarkozi bilen bäsleşjek öz dalaşgärini saýlar. Şu maksat bilen şu gün Sosialistler partiýasy bu partiýanyň öz içinde ýörite ses berişlik geçirýär.

Onda partiýanyň agzalary iki sany kandidatdan birini prezidentlige dalaşgär saýlamaly. Bu kandidatlar partiýanyň aram garaýyşly weteran agzasy Frankois Holland bilen ozalky zähmet ministri Martin Aubri.

Fransiýada geçirilen soňky pikir soraýyşlyklar ilatyň aglaba köpçüliginiň Sosialistler partiýasynyň gaýtadan häkimiýet başyna gelmegini goldaýandygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG