Sepleriň elýeterliligi

«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi açyldy


«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi

«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi

17-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy açyldy. Onuň açylyş dabarasyna ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.


Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlen bu desganyň diňiniň beýikligi 211 metr bolup, ol paýtagtyň islendik künjünden görünýär. Telewizion diňiň ähli içki otaglarynyň umumy meýdany 60 müň inedördül metre barabar. Täze açylan teleradioýaýlymlar merkezi gepleşikleri sanly usul arkaly alyp görkezmäge niýetlenen häzirkizaman enjamlar bilen üpjün edilendir.

Teleradioýaýlymlar merkeziniň maslahatlar jaýynda geçiren ýygnagynda Berdimuhamedow Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligini ýatyryp, onuň deregine Türkmenistanyň telewideniýe, radio gepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini döretmek hakynda permanlara gol çekdi.

Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligini reforma etmek barada Berdimuhamedow şu ýylyň 27-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdypdy. Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň düzümindäki Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň garamagynda bolan tele hem-de radio kanallaryň ýyl-ýyldan köpelmegi müdirligiň ministrlikden bölünip aýrylmagyna esas bolupdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda jemi 5 sany telekanal, dört sany hem radiokanal bar. Ýakyn günlerde bolsa ýene bir täze kanal—«Aşgabat» telekanaly efire goýberiler. Ýurduň prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, geljekde täze «Sport» kanaly hem efire goýberilip başlanar.

Döwlet baştutanyň permany bilen Türkmenistanyň telewideniýe, radio gepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlyklygyna Şadurdy Alowow, Türkmenistan medeniýet ministri wezipesine bolsa Gulmyrat Myradow bellenildi. Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň deregine döredilen edaralara täze bellenen ýolbaşçylar ozal hem şol wezipeleri eýeläpdiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ençeme gezek üýtgedilip gurlupdy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ol Medeniýet we turizm ministrligi bolupdy. 1995-nji ýylda turizm onuň düzüminden çykarylyp, medeniýet ýene aýratyn ministrlik hökmünde galdyryldy. 2003-nji ýylda bu ministrlik Medeniýet we habar beriş serişdeleri diýlip atlandyryldy. 2004-nji ýylda bolsa ministrligiň düzüminden metbugat çykarylyp, ol Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligine öwrülipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG