Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: üstünden iki ulag geçen gyzjagaz ýogaldy


Üstünden iki ulag basyp geçen iki ýaşly hytaýly gyzjagaz anna güni irden keselhanada ýogaldy.

13-nji oktýabrda Hytaýyň Foşan şäherinde bolan waka jemgyýetçilikde nägilelik döretdi. Käbir adamlar şol hadysany Hytaý jemgyýetindäki ahlaksyzlygyň ýeten derejesi diýip atlandyrypdy.

Gürrüňi gidýän wakada bir ulag gyzjagazy basyp, hadysanyň bolan ýerinden gaçýar. Gana bulaşyp ýatan ol gyzjagazyň ýanyndan 18 adam hiç hili hemaýat etmän biparh geçip gidýär. Üstesine-de bir ulag ony ýene-de basgylap geçýär.

Bu ýagdaýy gözegçilik kamerasy surata düşüripdir.

Bu waka ilteşikli bolan iki ulagyň sürüjisi hem tussag edildi.
XS
SM
MD
LG