Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudy mirasdüşer şazadasy Sultan bin Abdel Aziz jaýlandy


Saud Arabystanynda mirasdüşer şazada Sultan bin Abdel Aziz jaýlandy.

Jaýlanyş çäresine beýleki daşary ýurtly resmiler bilen bir hatarda, Owganystanyň prezidenti, Amerikanyň wise-prezidenti, Eýranyň daşary işler ministri hem gatnaşdy.

Abdel Aziz geçen şenbe güni, içegesindäki rak keseli sebäpli, Nýu-Ýorkuň keselhanasynda ýogalypdy. Duşenbe güni onuň jesedi Riýada getirldi.

Çaklamalara görä, indi Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Abdel Aziziň dogany Naýef bin Abdel Aziz bolar.
XS
SM
MD
LG