Sepleriň elýeterliligi

Tunis saýlawlarynda sesleriň aglabasyny “Ennahda” aldy


Tunisiň saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, ýakynda ýurduň taryhynda ilkinji gezek geçirilen açyk saýlawlarda sesleriň aglabasyny aram yslamçy “Ennahda” partiýasy alypdyr.

Berlen sesleriň netijelerine görä, Tunisiň geçiş hökümetini bellejek we Konstitusiýanyň täze görnüşini düzjek 217 agzalyk milli geňeşde “Ennahda” partiýasy 90 orun eýelär.

“Respublikan Kongresi” atly çepçi partiýa 30 ýer, sosial-demokrat “Ettakatol” partiýasy bolsa orunlaryň 21-ni almagy başardy. “Progressiw Demokratik Partiýasy” we “Al Arridha” partiýalarynyň her biri milli geňeşde 19 orny eýeledi.

Tunisde dörän “Žasmin rewolýusiýasy” arap dünýäsinde ýüz beren baş götermeleriň ilkinjisi bolupdy. Munuň netijesinde ýurduň ozlaky lideri Ben Ali häkimiýetden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG