Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde 334 adama günä geçiş yglan edildi


Müsüri dolandyrýan ýokary harby geňeş prezident Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmegine getiren protestler başlandan soňra harby tribunalda azatlykdan mahrum edilen 334 adama günä geçiş yglan etdi.

“Facebook” saýtynda ýerleşdirilen beýanatda bu günä geçiş baradaky kararyň häkimiýetleriň we “rewolýusiýany amala aşyran beýik Müsür halkynyň” arasyndaky dialogy mundan beýläk hem goldamak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar.

Emma beýanatda tussaglaryň haçan azatlyga çykjakdygy habar berilmeýär. Şeýle-de onda hiç bir tussagyň ady agzalmaýar.

Şu ýylyň ýanwaryndan bäri Müsürde harby tribunal azyndan 12 müň adamy azatlykdan mahrum etdi. Adam hukuklaryny goraýjylar bu praktikany yzygiderli tankytlap, tussag edilenleriň işlerine raýat sudlarynda garamagyň maksada laýykdygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG