Sepleriň elýeterliligi

Putin tankytçy žurnalistlere döwlet baýragyny berýär


Žurnalistler we graždan jemgyýetiniň aktiwistleri Orsýetde awtoritar syýasy sistemanyň arhitektory hasaplanýan Putiniň öz elinden baýragy almalymy ýa almaly däl diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Žurnalistler we graždan jemgyýetiniň aktiwistleri Orsýetde awtoritar syýasy sistemanyň arhitektory hasaplanýan Putiniň öz elinden baýragy almalymy ýa almaly däl diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Şu hepde Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýurduň awtoritar syýasy sistemasy barada tankydy makalalar bilen çykyş edip gelýän žurnalistlerden bir toparyna döwlet baýragyny bermek baradaky permana gol çekdi.

Baýrak bermeli edilen žurnalistleriň sanawynda 2008-nji ýylyň noýabrynda Himki şäherinde rehimsizlik bilen ýenjilip, ömürlik maýyp edilen žurnalist Mihail Beketow hem bar.

Orsýetli žurnalist Mihail Beketowyň soňky üç ýylyň dowamynda başdan geçirýän ýagdaýy Orsýetiň häkimiýetleriniň garaşsyz žurnalistlere garşy alyp barýan eden-etdilikli syýasatlarynyň bir simwolyna öwrüldi.

Ýöne, indi birden Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Beketowyň graždan jemgyýeti üçin eden işine ýokary baha berip, oňa döwlet sylagynyň hem-de 1 million rubl (32 müň dollar) möçberinde pul baýragynyň gowşuryljakdygyny yglan etdi.

Mihail Beketowyň ady baýrak berilmeli edilen 10 sany žurnalistiň sanawynda peýda boldy. Bu žurnalistleriň aglabasy döwlete degişli bolmadyk neşirlerde işleýän we ýurduň hökümetiniň syýasaty barada tankydy materiallar bilen çykyş edýän žurnalistler. Baýrak gowşuryljak bu žurnalistleriň sanawy 31-nji oktýabrda hökümetiň resmi web saýtynda ýerleşdirildi.

Bu maglumatyň yzy bilen, garaşsyz žurnalistler we graždan jemgyýetiniň aktiwistleri Orsýetde awtoritar syýasy sistemanyň arhitektory hasaplanýan adamyň öz elinden bu baýragy almalymy ýa almaly däl diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz boldular. Sebäbi, bu žurnalistler we aktiwistler hut şol döredilen awtoritar sistema bilen göreşip gelýärler.

Mihail Beketow

Orsýetli žurnalist Mihail Beketow

Orsýetli žurnalist Mihail Beketow

Baýrak gowşuryljak adamlaryň hatarynda Sergeý Parhomenko we Irina Petrowskaýa ýaly örän tanymal žurnalistleriň-de bardygyna garamazdan, bu sanawda žurnalist Mihail Beketowyň-da adynyň bolmagy jemgyýetçiligiň ünsüni has-da özüne çekdi.

Şol döwürde Moskwanyň etegindäki Himki şäherindäki ýerli gazetiň baş redaktory bolup işleýän Mihail Beketow 2008-nji ýylyň 13-nji noýabrynda öz öýüniň howlusynda gana bulaşan we bihuş ýagdaýda tapylypdy. Ol özüne edilen hüjümden soň, daşarda, sowuk howada bihuş ýagdaýda iki gün ýatypdyr.

Mihail Beketowa garşy edilen bu hüjümden üç ýyl geçendigine garamazdan, bu jenaýat işi henizem açylman galýar. Beketowyň egindeşleri oňa edilen bu hüjümi onuň Himki şäheriniň administrasiýasyndaky korrupsiýa barada ýazan tankydy materiallary bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Beketowyň saglyk ýagdaýy henizem agyr we ol Ysraýylda yzygiderli bejergi almagyny dowam etdirýär.

Himkili aktiwist we Beketowyň kärdeşi Ýewgeniýa Çirikowa Mihail Beketowyň beýnisiniň üçden bir böleginiň işlemeýändigini, onuň bir aýagynyň hem-de eliniň üç barmagynyň kesilip aýrylandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Beketow gürlemek we hat ýazmak ukybyndan-da mahrum bolupdyr.

“Begenemok”

Ýewgeniýa Çirikowanyň özi-de Himki tokaýlygynyň üsti bilen amala aşyrylmagy planlaşdyrylýan ýol gurluşygyna garşy alyp barýan kampaniýasy üçin sud jogapkärçiligine çekilen aktiwistlerden biri. Ol Orsýetiň hökümetiniň Mihail Beketowa baýrak bermek baradaky kararyna birjik-de begenmeýändigini aýtdy.

“Bu baýragy berýän adamyň özi graždan aktiwistiniň depesine urlup, ömrüniň ahyryna çenli maýyp bolup galmagyna ýol berýän sistemany döredijilerden biri bolup durýar. Hut şu sistemada Mihaile hüjüm edilmegine görkezme beren adam ýerli häkimiýetiň başynda galýar, şäheri dolandyrýar, gurluşyklary dowam etdirýär we hiç hili jeza hem çekenok” diýip, Ýewgeniýa Çirikowa belledi.

10 sany žurnalistiiň hatarynda baýrak berilmeli edilen žurnalistlerden biri, “Wokrug sweta” žurnalynyň baş redaktory Sergeý Parhomenko hökümetiň berýän bu pul baýragyndan özüniň ýüz öwürmejekdigini, emma ony haýyr-sahawatlyk çärelerine bagş etjekdigini aýtdy.

Ol Mihail Beketowa berilmeli edilen baýragyň-da alynmagynyň tarapyndadygyny nygtady. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Sergeý Parhomenko özüniň Kremlde gurnaljak bu baýrak gowşurylyş çäresine gatnaşmajakdygyny belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG