Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň wekili Özbegistanda metbugat kanunçylygynyň reformasyny gutlaýar


ÝHHG-niň metbugat azatlygy wekili Dunýa Mýatowiç düýn özbek häkimiýetleriniň metbugat kanunçylygyny reforma etmäge taýýarlygyny gutlady.

“Hereket edýän metbugat kanunçylygy çarçuwasy metbugat azatlygyny berjaý etmek üçin esasy şert bolup durýar” diýip, Mýatowiç Daşkentde radio gepleşikleriň düzgündeşdirilmegi baradaky tegelek stol söhbetdeşliginiň açylyşynda aýtdy.

“Men bu ýere metbugat kanunçylygyny, hususan-da radio gepleşikler pudagyndaky kanunçylygy reformalaşdyrmak prosesini goldamak üçin geldim” diýip ol aýtdy we bu reforma barada jemyýetçilik pikir alyşmasynyň dowam etmegini oňyn zat diýip atlandyrdy.

Şeýle-de Mýatowiç internetiň azat bolmalydygyny, diňe şonda hakyky pikir dürlüliginiň boljagyny nygtady.

Bu çäräniň dowamynda halkara we milli metbugat ekspertleri radiogepleşikler pudagyndaky problemalar we düzgünleşdirme perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Özbegistanda metbugat kanunçylygyny reformalaşdyrmak prezident Yslam Kerimowyň 2010-njy ýylyň noýabryndaky “Demokratik reformalary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak we ýurtda raýat jemgyýetini döretmek konsepsiýasyndan” soň başlandy.
XS
SM
MD
LG