Sepleriň elýeterliligi

Eýran HAEG-niň täze hasabatyny ret edýär


Eýran Halkara atom energiýasy gullugynyň täze hasabatyny “deňagramsyz” hem-de “syýasy äheňli” diýip atlandyrdy.

Eýranyň Halkara atom energiýasy gullugyndaky ilçisi Ali Asgar Soltaniýe bu hasabat esasan Birleşen Ştatlaryň syýasy basyşynyň netijesi diýdi.

“HAEG 4 müň inspeksiýa mandatyndan soňra harby maksatlara gönükdirilen bir gram material tapyp bildimi? Bu gulluk anyk bir delil tapyp bildimi? Şu sebäpden biz Buş adminstrasiýasynyň şol bir meňzeş, ýöne HAEG-niň baş direktory tarapyndan ýerine ýetirilen ssenariýasyny görýän ýaly” diýip, Soltaniýe aýtdy we muny “örän howply oýun” diýip atlandyrdy.

Ol halkara jemgyýetçiligini we dünýäniň parahatçylyk söýüji ähli ilatyny bu “oýnuň” öňüni almaga çagyrdy.

HAEG-niň täze hasabatynda Eýranyň ýadro ýaragyny ýasamak üçin iş alyp barandygy we bu ugurda barlag we synag geçirendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG