Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa çaknyşygynda ýaralanan serb aradan çykdy


Polisiýa we hassahana resmileri Kosowanyň demirgazygynda etniki albanlar bilen serbleriň arasynda bolan atyşyk mahalynda ýaralanan serb erkeginiň ýogalandygyny aýtdylar.

Ýaraly bolanlaryň beýleki ikisi, şol sanda bir polisiýa işgäri häzir bejeriş astynda.

Polisiýanyň sözçüsi Besim Hoti Sawo Moýsiçiň şu gün irden, etniki taýdan iki bölünen Mitrowisa şäheriniň serb bölegindäki hassahanada, üç sagada çeken operasiýadan soň ýogalandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG