Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deputatlar Nazarbaýewden parlamenti dargatmagy soradylar


Gazagystanda ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynyň deputatlary prezident Nursoltan Nazarbaýewden parlamenti dargatmagy soradylar. Bu baradaky ýüzlenmä 107 orunlyk parlamentiň 53 deptutaty gol goýdy.

Deputatlar muny ykdysady krizisiň golaýlap gelýän “täze tolkunynyň” öňüsyrasy saýlaw çärelerini geçmegiň zerurdygy bilen düşündirdiler.

Gazagystanda indiki parlament saýlawlary geljek ýylyň awgustynda geçirilmeli.

Gazagystanyň kanunyna görä, prezidentiň parlamentiň aşaky palatysynyň agzalary bilen maslahatlaşyp, deputatlaryň ygtyýarlyklaryny ýatyryp, nobatdan daşary saýlawlary yglan etmäge haky bar.
XS
SM
MD
LG