Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: maýyplaryň hukugy gün tertibinde


Türkmenistanda hem maýyplar jemgyýeti bar. Jemgyýetde bellige alnan maýyplaryň sany 3,000-e golaý diýlip, habar berilýär.

Türkmenistanda hem maýyplar jemgyýeti bar. Jemgyýetde bellige alnan maýyplaryň sany 3,000-e golaý diýlip, habar berilýär.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Maýyplaryň hukuklary boýunça komitetiniň agzasy, adam hukuklary boýunça halkara ekspert Mohammed Al Tarawnehiň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasy bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň içki syýasatynyň ugurlary, şeýle-de ýurtda amala aşyrylýan giň göwrümli sosial-ykdysady reformalar bilen tanyşdyryldy. Delegasiýanyň başlygy Mohammed Al Tarawneh ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy we bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, olara gowy baha berdi diýip, ýerli metbugat ýazýar.

Türkmenistanda maýyplaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda belli bir derejede aladalar edilýär. Türkmenistan BMG-niň maýyplaryň hak-hukuklaryny goramak baradaky Konwensiýasyna goşulaly bäri, maýyplara kömek bermek, olar üçin dürli iş orunlaryny açmak barada halkara guramalar bilen dürli seminarlar geçirýär diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Aşgabatly maýyp zenan hem Azatlyk Radiosyna pensiýa pullarynyň yzygiderli köpelýändiginden hoşaldygyny aýdyp, özlerine berilýän kömek pulunyň 500 manada ýetendigini, ýagdaýlarynyň öňkülerden has gowulanandygyny mälim etdi. Emma ol berilýän 500 manat kömek pulunyň gündelik durmuş üçin doly ýeterlik däldigini belledi:

—Sebäbi bazarda zatlar gymmat. Maýyp bolanymyz üçin bize mydam derman gerek. Dermanlar hem gymmat. Ýagdaýlarymyz öňkülere garanda gowy hem bolsa, bize berilýän kömek pullaryny köpelderler diýip, umyt edýäris.

BMG-niň çagalar fondy ÝUNISEF hem Türkmenistanda maýyp çagalaryň hukuklary boýunça iş alyp barýar. Guramanyň Aşgabatdaky edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça wekili Gülälek Soltanowa Türkmenistandaky maýyp çagalaryň problemalary barada ýakynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

—Maýyp çagalaryň hukuklary boýunça işleşmek biziň programmalarymyzda önden göz önünde tutulan bolsa-da, biz bu meselä 2010-njy ýylda Türkmenistan boýunça işläp başlan täze programmamyz esasynda has içgin girişip başladyk. Häzir biziň Türkmenistanda alyp barýan ähli programmalarymyzda maýyp çagalaryň deň hukukly bolmaklaryny üpjün etmeklik esasy maksatnamalarymyzyň biri. Olaryň bilim proseslerine goşulmagyny, saglygy saklaýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagyny we sosial taýdan goralmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, gynansak-da Türkmenistanda-da maýyplyk problemasy ýiti durýar. Çözülmeli meseleler bar.

Özbegistanyň tejribesi

Goňşy ýurtlaryň käbirinde maýyplaryň hukugy, olaryň sosial ýagdaýlary bilen diňe bir döwlet edaralary gyzyklanman, bu işe döwlete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalary hem goşulýarlar. Mysal üçin, Özbegistanda maýyp gelin-gyzlar bilen işleýän bileleşik bar. Ol ýurduň Adalat ministrliginde 2007-nji ýylda hasaba alyndy.

Bileleşik Özbegistanda maýyp gelin-gyzlaryň syýasy, hukuk bilimini ösdürmek, hünär öwretmek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda bilelişgiň 300-den gowrak agzasy bar. Golaýda bu bileleşik Özbegistanyň Ýokary mejlisiniň gözegçiligindäki fonddan 15 million sum, ýagny 6 müň amerikan dollaryna deň grant aldy.

Bu grandyň ulanylyşy barada şol bileleşigiň başlygy Zuhra Ubaýdullaýewa Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Biz bu puly maýyp aýal-gyzlara hünär öwretmäge sarp etdik. Maýyp aýal-gyzlara öý şertlerinde biznesi ösdürmegi öwretmek biziň esasy maksatlarymyzyň biri. Biz bileleşige agza maýyp zenanlarymyzyň öndüren el işleri bilen 1-nji dekabrda Germaniýanyň ilçihanasynda, 2-nji dekabrda ABŞ-nyn ilçihanasynda sergi açmagy planlaşdyrýarys.

Bileleşigiň agzalary maýyp aýal-gyzlar üçin geçirilýän ähli regional we halkara çärelerine gatnaşýarlar. Emma bu çärelere Türkmenistandan wekiller köp gatnaşmaýarlar diýip, Zuhra Ubaýdullaýewa belledi:

—Biz maýyplar üçin gurnalýan regional, halkara çäreleriň hemmesine diýen ýaly gatnaşýarys. Emma men ýekeje gezek Türkmenistandan “Garlawaç” atly inisiatiwa toparyndan bir zenany gördüm. Başga türkmen zenanlaryny görmedim. Täjik, gazak, gyrgyz, özbek aýal-gyzlary mydama gatnaşýarlar.

Özbegistanda maýyplar hiç hili kommunal töleglerini we elektrik energiýasy üçin pul tölemeýärler. Golaýda Özbegistanyn Ministrler Kabineti maýyplaryň sosial goragy baradaky kanuny bozan çinowniklere jerime salmagy karar etdi. Ona görä, maýyplary işe almadyk çinowniklere 3,000 amerikan dollaryna deň jerime salnar.

Türkmenistan BMG-niň maýyp adamlaryň hak-hukuklaryny goramak baradaky Konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşuldy. Türkmenistanda hem maýyplar jemgyýeti bar. Jemgyýetde bellige alnan maýyplaryň sany 3,000-e golaý diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG