Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Pakistana sapar edýär


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistana sapar edýär.

Bu sapara görülýän taýýarlyklar barada hepdäniň anna güni geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň daşary işler ministri Raşit Meredow ýörite hasabat bilen çykyş etdi.

Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan çekilmegi göz öňünde tutulýan TOPH gaz proýektine gatnaşyjy ýurtlardan biri bolup durýar.

Ýöne Berdimuhamedowyň Pakistana etjek ertirki saparynda anyk nähili meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG