Sepleriň elýeterliligi

Erdogan: Türkiýe indi Siriýanyň režimine ynam bildirenok


Şu gün Türkiýäniň premýer-ministiri Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň indi Siriýanyň režimine ynam bildirmeýändigini nygtap çykyş etdi.

Şu gün “Assoşeýted press” habar agentligine beren interwýusynda ol Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň parahat protestçilere garşy alyp barýan gazaply çäreleri sebäpli “gana bulaşan” liderleriň sanawyna girmek ähtimallygynyň bardygyny-da nygtady.

Geçen hepdäniň şenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda we ýene iki sany beýleki şäherde Türkiýäniň ilçihanalaryna edilen hüjümlerden soň, Türkiýe Siriýadaky diplomatlarynyň ähli maşgala agzalaryny bu ýurtdan çykardy.

Bu wakalaryň fonunda siriýaly aktiwistler hepdäniň duşenbe güni hökümet güýçleriniň ýarag ulanmagy netijesinde 70 töweregi adamyň ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG