Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Hytaýa sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

22-25-nji noýabr günlerinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary geçýär.


Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna edýän saparynyň gün tertibinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlaryna degişli meseleler maslahat ediler.

Türkmenistnyň resmi maglumatlaryna görä, Berdimuhamedow Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Hu Dzintao bilen duşuşyk geçirer. Taraplaryň arasynda döwletara dokumentler toplumyna gol çekiler.

Pekinde gol çekiljek dokumentleriň käbirine Türkmenistanyň hökümetiniň 18-nji noýabrda geçiren maslahatynda jikme-jik garaldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankyna Hytaýyň Eksport-import banky we Hytaýyň Döwlet ösüş banky bilen kredit barada ylalaşyk baglaşmak üçin ygtyýar berilmegine garaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan esasy ugurdyr. Resmi maglumatlara görä, bu tema Pekindäki gepleşikleriň çäginde ýokary derejede we has giňişleýin düzümde maslahat ediler.

Şu günki gün Hytaý Türkmenistanyň iň uly söwda partnýorlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda bu iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygy ösýär, onlarça hytaý kompaniýalary Türkmenistandaky inwestision proýektlere aktiw gatnaşýar. Bu ýangyç-energiýa, transport, kommunikasiýa, oba-hojalygy hem gurluşyk pudaklaryna, şeýle-de dokma senagatyna, himiýa hem azyk onumçiligine degişli.

Türkmenistan Hytaýa özüniň möhüm we strategiki taýdan ähmiýetli partnýory hökmünde garaýar. Hytaýa saparynyň öň ýany geçiren metbugat konferensiýasynda prezident Berdimuhamedow iki ýurduň arsynda bilelikde amala ayrylýan proýektleriň we ilkinji nobatda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Gaz söwdasy

2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan-Hytýa gazgeçirijisi ýurtlaryň energiýa boýunça hyzmatdaşlygynyň takyk netijesidir. Başda ýylda 40 milliard kubometr möçberde gaz akdyrmaga niýetlenip gurlan bu gazgeçirijiniň geçirijilik ukyby soň 60 milliard kubometre çenli artdyrylmaly edildi. Bu barada 2010-njy ýylda goşmaça ylalaşyga gol çekildi.

Uzynlygy 7 müň kilometrlik bu gazgeçiriji Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär.

Halkara habar agentlikleriniň Hytaýyň CNPC milli nebit korporasiýasyna salgylanyp ýaýradan maglumatlaryna görä, 2009-njy ýylda turba arkaly Türkmenistandan Hytaýa 3 ýarym milliard kubometr gaz, 2010-njy ýylyň 8 aýynyň dowamynda bolsa 2,38 milliard kubomert gaz akdyrylypdyr. 2011-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 13 milliard kubometr gazyň akdyrylmagyna garaşylýanlygy şol maglumatlarda aýdylýar.

Türkmen gazynyň eksportyna degişli sanlar Turkmenistanyň resmi maglumatlarynda agzalmaýar.

Perspektiwalar

Regional bilermenler Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi arkaly häzirki wagtda akdyrylýan gazyň möçberiniň turbanyň geçirijilik ukybyna garanda ujypsyzdygyny aýdýarlar, emma, muňa garamazdan, Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň oňa gatnaşýan yurtlar üçin ahmiýetli we perspektiwalydygyny belleýärler.

Astanadaky Ýewraziýa Uniwersitetiniň dosenti Saparbaý Jubaýewiň pikirine görä, ykdysady taýdan gitdigiçe ösýän we energiýa serişdelerine uly isleg bildirýän Hytaý bilen gatnaşyklary ösdürmeklik Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýasy üçin uly mümkinçilik berýär.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gumanitar hyzmatdaşlygyň çäginde medeniýet, taryh we bilim ugrundan gatnaşyklar alnyp barylýar. Tütkmen studentleri Hytaýyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Hytaýa edýän häzirki saparynyň dowamynda ýörite ykdysady zonasy bolan Şençžen şäherine, şeýle-de Hytaýyň ýörite administratiw raýony bolan Gonkonga sapar eder. Türkmen delegasiýasynyň agzalary bolsa Berdimuhamedowyň Hytaý diline terjime edilen kitaplarynyň köpçülige hödürlenmegine degişli prezentasiýa dabarasyna we türkmen-hytaý biznes forumyna gatnaşarlar. Şu günleriň dowamynda Pekinde Türkmenistanyň sungat eserleriniň sergisi we sungat wekilleriniň çykyşlary hem geçiriler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG