Sepleriň elýeterliligi

Özbek aýdymçylaryndan ahlakly bolmaklyk talap edildi


Özbegistanda soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek sungat işgärleri barada şeýle tankydy pikirler aýdyldy.

Özbegistanda soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek sungat işgärleri barada şeýle tankydy pikirler aýdyldy.

Golaýda Özbegistanyň “Uzbeknawo” estrada agentliginde geçirilen maslahatda ýurtda aýdymçylardan ahlaksyz klipleri surata almazlyk we ahlakly bolmaklyk talap edildi.

Soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek sungat işgärleri barada şeýle tankydy pikir aýdylan şol maslahatda “ahlak taýdan bozuk, edep-terbiýesiz sungat işgärleri” we “olaryň milli mentalitete gabat gelmeýän klipleri” tankyt edildi.

Özbek sungat işgärleriniň döredijiligini we ýaşaýyş durmuşyny şöhlelendirýän “Şow şuw” internet saýtynyň redaktory Jasur Hemraýew geçirilen maslahat barasynda şeýle diýdi:

“Şow şuw” internet saýtynyň redaktory Jasur Hemraýew

“Şow şuw” internet saýtynyň redaktory Jasur Hemraýew

—Maslahatda sungat işgärleriniň ahlak hem edep terbiýesi hakynda gürrüň edildi. Klipmeýkerleriň hatalary açyk aýdyldy. Öz mentalitetimize gabat gelmeýän kliplerden bölekler görkezildi. Bu sungat işgärleriniň üstünden gülmek däl, eýse her bir adamyň öz hatasyny bilmegi hem beýle ýagdaýyň ýene-de gaýtalanmazlygy üçin görkezildi. Her bir işgär özüne laýyk netije çykarar diýip, pikir edýärin.

Maslahatda käbir sungat işgärleriniň “dürli reňkdäki boýaglar bilen ýüzüni we saçyny boýap, ýarym-ýalaňaç kliplere surata düşmegi, şeýle-de olaryň dürli habar serişdelerine özüniň uly basseýnlerini, jaýlaryny reklama edip, interwýu bermekleri edepsiziligiň aňry başy” hökmünde bellendi.

Aýdymçylardan Mawlýuda Asalhojaýewanyň, Döwran Ergaşewiň, “Mango” toparynyň, Husan, Asilbek we Feruza Jumanyýazowanyň käbir klipleriniň aşa haýasyzdygy aýdyldy. Kenizäniň “His et”, ýagny “Duý “atly aýdymy uçin surata alnan klibiň ahlak taýdan bozuk klipdigi bellendi.


Maslahatda Kenizäniň “His et”, ýagny “Duý “atly aýdymynyň klibiniň ahlak taýdan bozukdygy aýdyldy.

“Şow şuw” internet saýtynyň redaktory Jasur Hamraýew käbir özbek aýdymçylaryna düzediş bermelidigini nygtady:

—Mawlýuda Asalhujaýewa we Keniza diýen gyzlarymyz bar. Kenizä, meniň pikirimçe, umuman, düzediş bermeli. Çünki “Leýdi Gaga” klibi tomaşaçylarda gün saýyn ýigrenç döredýär. Şeýle-de ýaşlardan Husan diýen biri bar. Ony birnäçe gezek tankyt etdik. Jerime saldyk. Şonda-da olar özlerini aklamaga çalyşýarlar. Meselem, Mawlýuda Asalhojaýewa we ýene-de birkisi özüni aklamaga çalyşdy. Olara Gulomjon Ýakubow ýaly hormatly aýdymçylarymyz maslahat berdi.

Bu maslahatda Daşkentde döredijilik işi bilen meşgul bolýan we ýaşaýan aýdymçylaryň welaýatlarda geçirilýän garaşsyzlyk baýramy ýaly çärelere gatnaşanlarynda aýdym aýdany üçin pul talap etmekleri-de tankyt edildi.

Feruza Jumanyýazowanyň hem käbir klipleriniň aşa haýasyzdygy aýdyldy.

Emma sungat işgärleriniň köpüsi bu tankydy pikirleri ýerlikli hasaplamaýarlar. Olaryň biri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, efirde adynyň tutulmazlygyny haýyş edip, bu hakda şeýle diýdi:

—Biziň Daşkentdäki Garaşsyzlyk we Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin 500 den 1000 dollara çenli pul beren wagtlarymyz boldy. Häzir bularyň gözüne welaýatlara barmak üçin soralýan 200-300 dollar pul bolup görünýär. Öňi bilen merkezdäki çärelere gatnaşmaga pul soramaklaryny bes etseler, biz welaýatlardaky çärelere mugt barardyk.

Maslahatda Munojat Ýulçiýewa hem Ozodbek ýaşlara nusga alarlyk görelde hökmünde görkezildi.

Maglumatlara görä, maslahatda tankyt edilen klipleriň telekanallar arkaly görkezilmegine gadagançylyk girizilmändir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG