Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak DIM-i: Soltanowyň beýanaty resmi pozisiýa däl


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Nursoltan Nazarbaýew, Ylham Alyýew we Dmitriý Medwedew Gazagystanyň hazarýaka Aktau şäherinde, 2009-njy ýylyň 11-nji sentýabry.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Nursoltan Nazarbaýew, Ylham Alyýew we Dmitriý Medwedew Gazagystanyň hazarýaka Aktau şäherinde, 2009-njy ýylyň 11-nji sentýabry.

Gazagystanyň paýtagty Astanada 22-23-nji noýabrda Hazar deňziniň hukuk durumyny işläp düzmek boýunça hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde ýörite işçi toparyň 30-njy maslahaty gecirildi. Gazagystanyň wekili Hazar deňziniň asty bilen çekilmegi göz öňünde tutulýan ”Transhazar” proýektine garşydygyny mälim etdi. Bu nämäni aňladýar?


Işçi toparyň maslahatynyň netijeleri boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Kaýrat Sarybaý: “Gutarnykly ylalaşyga heniz gelinmedigem bolsa, bu meselede öňegidişligiň bardygyny görýäris” diýdi.

Öz gezeginde Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow bolsa şeýle diýdi:

—Ylalaşylmadyk meseleleriň bardygyna garamazdan, häzir käbir energetik we transport proýektlerini amala aşyrmaga şol meseleler päsgel bermeýär. Sebäbi taraplaryň arasynda ýerli derejede-de, hökümetara derejede-de özara düşünişme bar.

Şol bir wagtda-da, Gazagystanyň prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň direktory Bulat Soltanow şeýle çykyş etdi:

—Hazar deňziniň hukuk durumy kesgitlenmezden, “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy barasynda hiç hili gürrüň bolup bilmez. Hukuk meýdanyndaky mesele çözülmänkä, islendik bir herekete synanyşyk öňünden aýdyp boljak netijelere getirip biler.

Iň esasy delil, Bulat Soltanowyň pikiriçe, Hazaryň geologik gurluşyny, onuň relýefini, üst ýüzüni bilýän ýok:

—Şeýle şertlerde deňziň düýbi bilen nebit ýa gaz turbasynyň çekilmegi Hazaryň kenarynda ýaşaýan halklaryň garşysyna ekologik jenaýat bolar, ol diňe şol turbalardan gazanç edýän halkara kompaniýalaryň bähbidine bolar. Şol ýerdäki adamlar nebitiň däl-de, balygyň hasabyna ýaşaýarlar. Eger turbada betbagtçylyk bolaýsa, ozaly bilen jebir çekjek halkara kompaniýalar ýa ýewropalylar däl-de, Hazaryň kenarynda ýaşaýan ýönekeý adamlar bolar.

Şu wagta çenli “Transhazar” turbasynyň çekilmegine Orsýet açyk garşy çykyp gelýärdi. Astanadaky bu çykyş agzalýan meselede Gazagystanyň Orsýet bilen bir hörpden gopýandygyny aňladýarmy? Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Gazagystanyň DIM-niň metbugat sekretary Ylýas Omarow ýörite toparyň 30-njy maslahatynyň gowy geçendigini, ýöne Bulat Soltanowyň aýdan pikiriniň Gazagystanyň pozisiýasyny anlatmaýandygyny belledi:

—Soltanowyň beýanaty resmi pozisiýa däl. Ol döwletiň adyndan pikir aýdyp bilmez. Ol Gazagystanyň Strategik barlaglar institutynyň wekili, Gazagystan ähli ugurlar boýunça garaşsyz energiýa syýasatyny alyp barýar.

Ýakynda Türkmenistana sapar eden Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle, ondan öň Awstriýanyň we Wengriýanyň prezidentleri hem amerikan wekili Aşgabatda türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak barada gürrüň etdiler, gepleşikler geçirdiler.

“Transhazar” proýektine Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar goldaw bildirýär. Bu gazgeçirijiniň gurluşygyna Orsýet bilen Eýran garşy çykýar.
XS
SM
MD
LG