Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladimir Putin prezidentlige dalaşgärligi kabul etdi


Düýn Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasyndan prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak teklibini kabul etdi.

Putin “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň gurultaýynda çykyş edip, özüni dalaşgär edip hödürlänlere öz minnetdarlygyny bildirdi.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem çykyş edip, Putin barada öwgüli sözler aýtdy: "Prezidentlige dalaşgär Wladimir Wladimirowiç Putin hakykatdan hem häzirki Orsýetdäki iň meşhur, iň tejribeli we iň üstünkli syýasatçydyr”.

Medwedew öz çykyşynda Orsýetiň raýatlaryny 4-nji dekabrda ýurduň parlamentine geçiriljek saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa”partiýasyna ses bermäge hem çagyrdy.

Orsýetde nobatdaky prezidentlik saýlawlary geljek ýylyň martynda geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG