Sepleriň elýeterliligi

Daşkentde wagtlaýyn propiska bolmaz


Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň demirýol wokzaly.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň demirýol wokzaly.

Prezident Y.Karimowyň permany bilen, Özbegistanyň beýleki regionlaryndan Daşkent şäherine we welaýatyna barýan ýaşaýjylara Daşkentde wagtlaýyn hasaba durmaga mümkinçilik berýän düzgünler ýakynda ýatyryldy. Eýsem, täze perman Daşkentde hasaba durmak mümkinçiligini näderejede özgerdýär?


Özbegistanyň prezidentiniň “Daşkent şäherindäki we Daşkent welaýatyndaky pasport sistemasyny kämilleşdirmegiň çäreleri“ baradaky 22-nji sentýabrda gol çeken permany 13-nji oktýabrda özbek metbugatynda çap edildi. Şol permana görä, Özbegistanyň beýleki regionlaryndan Daşkent şäherine we welaýatyna barýan raýatlaryň öz ýerli häkimliklerinden rugsat almaklaryny talap edýän öňki düzgün ýatyryldy.

Şol bir wagtyň özünde-de, bu täze perman Özbegistanyň beýleki regionlaryndan baran raýatlary Daşkent şäherinde we welaýatynda wagtlaýyn propiska almak düzgünini hem ýatyrdy.

Täze kararyň aýratynlyklary

Täze karara laýyklykda, mundan beýläk Daşkent şäherine we welaýatyna baran raýatlaryň mydamalyk propiskasy we hasaba alnyşy komissiýalar tarapyndan däl-de, şol ýeriň içeri işler bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

Prezidentiň permanyna görä, bu işler amala aşyrylanda, raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we kanunyň işledilişine gözegçilik etmek Özbegistanyň Baş prokuraturasyna tabşyrylýar.

Özbegistanyň Içeri işler we Adalat ministrlikleri, şeýle-de propiska ýazgysyna gatnaşygy bolan beýleki edaralar bir aýyň dowamynda prezidentiň täze permany esasynda respublikanyň kanunçylygyna üýtgetmeler girizmek baradaky tekliplerini Ministrler Kabinetine tabşyrmaly.

Daşkent şäher hakimliginiň daşary ýurtlara çykmak we girmek bölüminiň bir işgäri öz adyny aýtmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosy bilen gürründeşliginde kanunçylyga üýtgetmeler girizilmese, welaýatdan gelenleri paýtagta mydamalyk ýazgy etmek tertibiniň-de başlanmajakdygyny aýtdy.

Kynçylyklar has-da kynlaşdy

Özbegistanyň başga regionlaryndan baran raýatlary Daşkent şäherine hemişelik ýazgy etmek 1999-njy ýylyň 16-njy fewralyndaky partlamalardan soň togtadylypdy we welaýatlardan barýanlar paýtagtda hasaba durmak üçin şäher häkimligindäki ýörite komissiýanyň rugsadyny almalydylar.

Bu ýagdaý raýatlaryň ýagdaýyny örän kynlaşdyrýardy. Şoňa çenli Daşkent şäherinde mülk ýa-da emläk satyn alan özbegistanly her bir raýatyň paýtagtda mydamalyk ýazga durmak hukugy-da bardy. Ýöne synçylar propiska meselesi barada häzirki kabul edilen düzgünleriň ozalky bar bolan kynçylyklary has-da kynlaşdyrandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG