Sepleriň elýeterliligi

Özbekler gazsyz kösenýärler


"...Gaz korrupsiýa üçin örän amatly bir resurs bolup durýar. Gazy anyk ölçemek we onuň bar ýa-da ýokdugyny göz bilen anyklamak örän kyn".

"...Gaz korrupsiýa üçin örän amatly bir resurs bolup durýar. Gazy anyk ölçemek we onuň bar ýa-da ýokdugyny göz bilen anyklamak örän kyn".

Ir gelen sowuk gazsyz kösenýän özbegistanlylary gazyň nirä gidýändigi barada oýlanmaga mejbur etdi. Özbegistanyň öz goňşularyna satýan gazynyň möçberini azaldandygy hakyndaky maglumatlar hem bu soragyň has ýiti goýulmagyna sebäp bolýar.


29-njy noýabrda Özbegistan Gyrgyzystanyň Oş we Karasuw etraplaryna berýän gazyny kesdi. Onuň Gazagystana berýän gazyny hem togtadandygy baradaky habarlar 14-nji noýabrda peýda bolupdy. Ýöne, Özbegistanyň Orsýete gaz bermek boýunça alan borçlarynda welin özgerişlik peýda bolmady.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Özbegistanyň gaz senagatynyň bir resmisi ýurtda özleşdirilýän gazyň 90 göteriminiň ilatyň mätäçliklerine sarp edilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurtda ýylda 60 milliard kubometr gaz özleşdirilýän bolsa, daşary ýurtlara şonuň 6 milliard kubometri satylýar. 54 milliard kubometr gaz Özbegistanyň ilatyna satylýar.

Emma ilatda gaz ýok

Şol bir wagtyň özünde, Özbegistanyň dürli welaýatlaryndan Azatlyk Radiosyna jaň eden adamlar öz ilatly punktlarynda gazyň ýoklugyndan şikaýat etdiler. Käbir maglumatlara göra, hatda gaz bilen işleýän kärhanalaryň, ýyladyş sistemalarynyň, hammamlaryň gaz liniýalaryndan kesilip goýlandygy aýdylýar.

Eýsem, ilata satylýan gaz nirä sarp edilip bilner? Bu soragy “Özbekneftegaz” döwlet holdinginiň metbugat wekiline berenimizde, onuň jogaby gysga boldy: “Bu maglumat gizlin. Gizlin bolmaýanda-da, ol telefonda aýdylmaýar”.

Adynyň aýdylmazlyk şerti bilen biziň bilen gepleşen Özbegistanyň gaz senagatynyň resmisi bu ýylky gaz ýetmezçiligini birnäçe faktorlar bilen düşündirmäge çalyşdy.

Onuň pikirine görä, gaz korrupsiýa üçin örän amatly bir resurs bolup durýar. Gazy anyk ölçemek we onuň bar ýa-da ýokdugyny göz bilen anyklamak örän kyn. Magistral turbalarda partlama bolmazlygy üçin, belli bir möçberdäki gazy ýakýarlar. Şunlukda ogurlanan gazy şoňa goşmak aňsat diýip, özbegistanly söhbetdeşimiz düşündirdi.

40 ýyldan bäri gaz pudagynda işleýän we adynyň tutulmagyny islemedik spesialistiň sözlerine görä, iň uly emeldardan başlap, iň kiçi çörek bişirýänlere çenli gaz ogurlamak bilen meşgullanýarlar. Gaz dürli geçirijilerden halka ýetýänça birnäçe gezek ogurlanýar.

Mundan daşary, spesialistinň pikirine görä, halka barýan az mukdardaky gaz hem gazyň möçberini ölçeýji, ýöne bilkastlaýyn bozulan enjamlardan geçýär. Her bir adam azyndan 10 kubdan gaz ogurlan ýagdaýynda-da, Özbegistanyň köp millionly ilatyny hasaba alsak, uly sanlar peýda bolýar diýip, spesialist nygtady.

Käbir beýleki sebäpleri

Özbegistanda elektrik energiýasyny almak üçin gaz ýakylýar. Elektrik energiýasyna bolan zerurlyk ilat sanynyň artýandygy bilen baglanyşykly artýar. Adynyň agzalmagyny islemedik özbegistanly bir spesialist bu ýurtda suwdan ýa-da atomdan alynýan elektrik stansiýalary kämilleşen bolanlygynda, bu pudaga sarp edilýän gazy ilata satyp boljakdygyny aýtdy.

Elbetde, gazdan awtoulaglar üçin ýangyç hem taýýarlanýar. Soňky döwürde awtoulaglaryň benziniň ýerine suwuklandyrylan gazdan peýdalanyp başlamagy-da gazyň halka satylýan böleginiň azalmagyna sebäp bolupdyr.

Gazyň ýetmezçiligine sebäp bolýan ýene-de bir faktor Sowet döwründen galan köne gazgeçirijiler bilen bagly diýlip hasaplanylýar. Özbegistanly spesialistiň pikirine görä, özbek nebit-gaz şirketi özüniň görýän peýdasynyň 50 göterimini nebiti gazyp çykarmaga we alyja ýetirmek ulgamyny modernleşdirmäge sarp etmeli. Bu hakda prezidentiň görkezmesi bar. Emma ýerli spesialist iş ýüzünde henizem Sowet döwründen galan gazgeçirijileriň aktiwlik bilen ulanylýandygyny belleýär. Ýagny, onuň pikiriçe, modernleşdirmeklik göze ilmeýär.

Özbegistandaky žurnalist Sergeý Ýežkow ýurtda 60 milliard kubometr gazyň özleşdirilmeýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, pagta, galla pudagynda bolşy ýaly, bu pudakda hem artdyryp ýazmak möwç urýar: “Gaz barasyndaky gowy statistikany döwlet ýolbaşçylaryna ýaranmak üçin artdyryp ýazýarlar. Şonuň üçin, gazyň ýetmezçiligine esasy sebäp – gazy özleşdirmegiň peselendigi”.

Türkmenistanyň gaz we nebit boýunça öňki ministri Nazar Söýünow hem gazy özleşdirmek we paýlamak sistemasynda problemanyň bardygy bien ylalaşýar.

“Orsýetde hem gaz köp. Emma ykdysadyýetiň diňe 50 göterimi gaz bilen işleýär. Şeýlelikde “näme üçin gaz bar, emma öýümiz sowuk” diýen soragy goýup bilmeýäris. Mesele sistemanyň modernleşdirilmegine-de bagly. Ünsümizi esasan sistema gönükdirmeli” diýip, Nazar Söýünow belleýär.

Söýünowyň pikirine görä Özbegistanda-da, Türkmenistanda-da özleşdirilen gazy optimal sarp etmäge gönükdirilen sistema ýok. Öňki sistema bolsa diňe Merkezi Aziýa we Gazagystan üçin niýetlenen ýeke-täk gaz üpjünçiligini göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG