Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada aktiwistler atom stansiýasyna girdi


Fransiýada “Greenpeace” ekologiýa guramasynyň aktiwistleri Parižiň günortasyndaky atom stansiýasyna girdiler.

Fransiýanyň “Electricite de France” energiýa kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, atom stansiýasyna giren dokuz aktiwistiň ýedisi tussag edilipdir.

Aktiwistler stansiýanyň howpsuzlygyna zyýan ýetirmändir.

“Greenpeace” guramasynyň ýaýradan beýanatyna görä, olaryň maksady atom stansiýalarynyň nä derejede gowşakdygyny aýan etmek bolupdyr.

Fransiýada atom energiýa stansiýalary ýurtda harçlanýan energiýanyň dörtden üç bölegini öndürýär.
XS
SM
MD
LG