Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedewiň Praga saparynda söwda baş tema bolar


Orsýetiň Prezidenti Dmitriý Medwedew şu gün Çehiýa respublikasyna iki günlük resmi saparyna başlady. Saparyň dowamynda Medwedew Çehiýanyň prezidenti Waslaw Klaus bilen gepleşikler geçirer.

Ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda «Rosatom» ors-çeh konsortiumy tarapyndan «Temelin» atom energiýasy zawodynda iki sany täze reaktory gurmak barada meseleleriň duşuşygyň baş temasy bolmagyna garaşylýar.

Bu Dmitriý Medwedewiň Çehiýa ikinji resmi sapary. Geçen ýyl Pragada geçirilen sammitde Medwedew hem-de ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Strategik hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek baradaky täze START şertnamasyna gol çekipdiler.
XS
SM
MD
LG