Sepleriň elýeterliligi

Ilkinji medeniýet ministri: Dempartiýa – bikanun gurama


Garaşsyz Türkmenistanyň ilkini medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Kakabaýewiç Nurmuhammedow

Garaşsyz Türkmenistanyň ilkini medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Kakabaýewiç Nurmuhammedow

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary geçirilmeli. Ýurduň prezidenti ol saýlawlaryň demokratik esasda hem-de aç-açan geçirmelidigini öňe sürdi. Şu uly syýasy kampaniýa bilen baglanyşykly Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýew Garaşsyz Türkmenistanyň ilkini medeniýet we turizm ministri, 1990-95-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň parlamentiniň deputaty bolan Geldimyrat Kakabaýewiç Nurmuhammedow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Geldimyrat, siz öňdäki saýlawlaryň demokratik esasda geçiriljegine nähili garaýaňyz?

G.K. Nurmuhammedow: Edil şu wagt bir saýlawy pylan hili geçer diýip aýdar ýaly däl, saýlawyň öz bir düzgünleri bar. Häzirki wagtda saýlaw uçastoklary döredilýär. 12-nji dekabrdan, kandidatlar görkezilip başlanýar. Umuman, saýlawlaryň geçirilişi barada aýtsaň, saýlawdan bir netije çykar diýip, adamlaryň kän bir höwesem ýok.

Azatlyk Radiosy: O näme üçin?

Adam hukuklary, demokratiýa diýen düşünjeler, adalatly, päk saýlawlaryň bolmagy diýlen zatlaryň köpüsi gömüldi.
G.K. Nurmuhammedow: Sebäbi muny öwrenjek bolsaň, has aňyrrak barmaly. Öňräk, şol Garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda, öňki režimde birtopar bikanunçylyklar boldy. Bu režim hem täze geldi-de, “Biz öňkini dowam etjek, öňkiniň ýoly bilen gitjek” diýdiler. Umuman, bu zatlaryň guralyşynyň düýbüne seretmeli.

Meniň pikirimçe, adam hukuklary, demokratiýa diýen düşünjeler, adalatly, päk saýlawlaryň bolmagy diýlen zatlaryň köpüsi gömüldi. Gömülmeginiňem sebäbi köp zatlar hilegärlik bilen edilýär. Döwletiň dolandyrylyşy köp ugurlarda hile bilen ýöredilýär.

Azatlyk Radiosy: Mysal uçin, nähili hile bilen? Muňa nähili düşünmeli?

G.K. Nurmuhammedow: Hilegärlik bilen diýip, men size aýdaýyn, Konstitusiýada bir düşünje bar: halk iň ýokary häkimiýet bolup durýar, halk garaşsyzlygyň hem özbaşdaklygyň çeşmesi bolup durýar. Şol esasda, döwlet dolandyrylyşy üçe bölünýär. 1-nji ýerine ýetiriji, ýagny hökümet, 2-nji kanun çykaryjy – mejlis hökmünde, 3-nji bolsa sud – kazyýet häkimligi. Şu üçüsi biri-birine deňagramlylygy saklamaly. Olar döwletde terezi bolmaly. Şu günki ýagdaýda Mejlisiň kanun esasynda hemme wekilçilikleri ýatyryldy. Ýurtda Mejlisiň sesi ýok. Açyk-adalatly sud diýilýäni-de köp halatda ýok. Sebäbi suduň özi ýokardan sistemalaýyn basyş bolansoň, ol basyşyň aşagynda bolýar.

Döwlet ýolbaşçylary, hökümet ýolbaşçylary öz çykarýan kanunlaryna özleri boýun däl. “Bizem kanuna boýun” diýip aýdýarlar. Ýöne bu ikiýüzlülik.
Ynha, şunuň ýaly ýagdaýda-da, kanun çykarýan guramanyň kanunlary gowy, dogrymy aýtjak, gowy. Soňky döwürde Ýewropanyň ekspertleri gelip, köp kanunlaryň nusgalaryny berdiler. Şolaryň esasynda ýazylandygy sebäpli gowy. Ýöne şonda-da ýene döwlet ýolbaşçylary, hökümet ýolbaşçylary öz çykarýan kanunlaryna özleri boýun däl. “Bizem kanuna boýun” diýip aýdýarlar. Ýöne bu ikiýüzlülik. Bir tarapdan “biz boýun” diýýärler, bir tarapdanam boýun däl olar.

Gürrüň etseň, bärde gaty kän subutnamalar bar. Muny ilem bilýär. Men bärde täzelik aýdyp duramok. Aýdaly, saýlaw boýunça, Demokratik partiýa bar, Türkmenistanyň Galkynyş hereketi bar, oňa “Aýallar guramasy” girýär, “Ýaşlar guramasy”, “Kärdeşler arkalaşygy” ýaly ençeme gurama girýär. Garaz, şonuň üsti bilen kandidatlary kanun esasynda partiýalar hödürläp bilýär, jemgyýetçilik birleşikleri hödürläp bilýär hem halkyň özi hödürläp bilýär. Halk – has takygy saýlawçylar. Kandidat saýlawçylaryň isleglerini ýerine ýetirmeli. Saýlawçylar olaryň programmasyna seredip, ses berýärler.

Ýöne bize şu günki gün berilýän teklip ýok. Jemgyýetçilik guramalarynyň iň başynda duran Dempartiýa – bikanun gurama ol. Ol dört saýlawa-da gatnaşdy. Umuman, şonuň gatnaşmagynyň, şolaryň bikanundygyny Merkezi saýlaw komissiýasy bilse-de, şol partiýa saýlawlara gatnaşmaga rugsat berýär.

Azatlyk Radiosy: Demokratik partiýanyň jemgyýetde nähili orny bar?

Şu gün biri partiýa döredeýin diýip öňe çyksa, oňa kanun ýok. Oglanlar barýarlar partiýa döretjek diýip. Olara “kanun ýok” diýýärler.
G.K. Nurmuhammedow: Onuň hiç hili ornam ýok o ýerde. Ol halkyň aladasyny edýän gurama-da däl. Şunuň ýalaky hilegärlikleri ulanmak üçin ýörite ýasalan. Ol saýlawlarda, dürli çärelerde, başga birtopar ýerlerde ulanmak üçin ýörite ýasalan bir gurama. Ony döwletiň býujetinden maliýeleşdirýärler. Olar üçin 47 million ýewro bilen ullakan ofis öýüni gurdular. Olar bir hökümetiň islegini kanagatlandyrýan edara.

Şu gün biri partiýa döredeýin diýip öňe çyksa, oňa kanun ýok. Oglanlar barýarlar partiýa döretjek diýip. Olara “kanun ýok” diýýärler. “Onda näme Dempartiýa hereket edýär?” “Aý, baryň, onuň bilen özüňiz düşünişiň” diýýärler. Şeýle zatlaram boldy. Garaz, eýläk çyksaňam, beýläk ýöreseňem, hemme ýeri petik-dä. “Bolanok! Bolanok! Bolanok!..” hemme zatda şeýdip gidip otyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG