Sepleriň elýeterliligi

Pakistan ABŞ-nyň howa bazasyny wagtynda terk edendigini aýdýar


Pakistanyň harbylary ABŞ-nyň bu ýurtdaky howa bazasyny bellenen wagtda boşadandygyny aýdýar.

Yslamabat iki hepde mundan öňki howa zarbasyna protest edip, Bulujystan welaýatyndaky Şamsi howa bazasynyň boşadylmagyny talap edipdi. Bu howa bazasy Merkezi aňtaw gullugy tarapyndan Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän tire sebitinde “Talyban” we “Al-Kaýda” nyşanalaryna garşy adamsyz uçarlary ulanmakda peýdalanylýandyr öýdülýär.

Noýabrda urlan howa zarbasynda pakistan goşunynyň Owganystan bilen serhetde ýerleşýän 24 esgeri öldürilenden soň, Yslamabat Amerikanyň we NATO-nyň Pakistan arkaly Owganystana barýan konwoýlarynyň hem öňüni baglady.
Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani ýol baglamagyň birnäçe hepde dowam etmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

NATO bu howa zarbasy üçin ötünç sorasa, Birleşen Ştatlar ony betbagtçylyk diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG