Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan dabara bilen Bitaraplyk gününi belleýär


Täze açylan Bitaraplyk binasy, 12-nji dekabr.

Täze açylan Bitaraplyk binasy, 12-nji dekabr.

Bu gün Türkmenistan dabara bilen Bitaraplyk gününi belleýär. Bitaraplyk statusy Türkmenistana BMG-e tarapyndan 16 ýyl mundan öň, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda berlipdi. Hemişelik bitaraplyk gününi ýurt boýunça dabaraly bellemek barada Türkmenistanyň prezidenti öňräk geçiren hökümet maslahatynda görkezme berdi. Baýramçylygyň geçişi barada Nazar Hudaýberdi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Myrat, Bitaraplyk baýramy mynasybetli şu gün Aşgabatda nähili çäreler geçirilýär?

Myrat Gurbanow: Şu gün ir bilen sagat 10-da Aşgabadyň günortasynda, Bitaraplyk köçesiniň çetinde Bitaraplyk binasynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu bina geçen ýyl öňki ýerinden göçürilmeli edilipdi. Onsoň günortan sagat 12-de Garaşsyzlyk baýramyna täze açylan Aşgabat sport toplumynda Bitaraplyk baýramy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň teatrlaşdyrylan çykyşlary boldy. Bu çärede her welaýatdan gelen medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler. Bitaraplyk binasynyň meýdançasynda agşamky baýramçylyk konserti geçirilýär. Sagat sekizde şol ýerde baýramçylyk feýerwerki atylar.

Azatlyk Radiosy: Öňler Bitaraplyk S.Nyýazowyň şahsyýeti bilen baglanyşdyrylýardy. Türkmen halkyna şol durumy alyp beren Nyýazow diýlip, habar serişdelerinde yzygiderli aýdylýardy. Nyýazow häzir ýatlanýarmy?

Myrat Gurbanow: Resmi metbugatda S.Nyýazowyň ady çykanok. Ýöne şu gün açylan Bitaraplyk binasynyň çür depesinde onuň altyn çaýylan heýkeli saklanyp galypdyr. Türkmen metbugatynda Bitaraplyk barasynda ýazylýan ýa aýdylýan zatlarda esasan “Bitaraplyk we häzirki Beýik Galkynyşlar zamanasy” diýlen şygar ulanylýar. Bitaraplygyň Nyýazow döwri ýatlananok.

Azatlyk Radiosy: Baýramçylyk çärelerine kimler gatnaşýar?

Myrat Gurbanow: Adat boýunça bu çärelere döwlet edaralarynyň işgärleri, okuw jaýlarynyň okuwçylary, studentler, olaryň mugallymlary gatnaşýarlar. Şeýle-de hökümet agzalary, daşary ýurt diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşýarlar. Aşgabadyň “Lokomatiw” stadionynda baýramçylykda çykyş etmeli adamlar bir aý töweregi ýörite taýýarlyk gördüler.

Azatlyk Radiosy: Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere ýönekeý ilat köpçüligi gatnaşýarmy?

Myrat Gurbanow: Ýönekeý adamlaryň aglabasy bu baýramçylyk çärelerine gatnaşanok. Ýöne bitaraplyk binasynyň meýdançasynda gije geçiriljek konserte we atyljak feýerwerke tomaşa etmäge barjak ýönekeý adamlar az bolmazmyka diýýärin. Sebäbi Aşgabatda geçirilýän şuňa meňzeş baýramçylyk çäreleriniň konsertlerine we feýerwerklerine tomaşa edýän aşgabatlylar az bolanok.

Azatlyk Radiosy: Myrat, ýene bir sorag: Ilat arasynda baýramçylyk duýulýarmy?

Myrat Gurbanow: Bitaraplyk baýramy şu ýyl 16-njy gezek bellenýär, ýöne bu baýramçylyk hakyky halk baýramyna öwrülip bilmedi. Dogry, adamlaryň käbiri biri-birini bu baýram bilen gutlaýarlar. Aşgabadyň 09 sorag-jogap gullugyna jaň edeniň-de, operatorlar bu baýram bilen gutlaýarlar. Emma baýramçylyk ýagdaýy duýulmaýar. Gaýtam, köpçülikleýin resmi çäreler sebäpli adamlarda bu baýramçylyga biparhlyk duýgusy bar. Şu gün dynç günüdigine garamazdan, adamlar daň bilen köpçülikleýin çäräniň geçiriljek ýerine baryp, garaşmaly boldular. Onsoňam howanyň birneme sowukdygyna garamazdan, stadionda hem bir-iki sagat oturmaly boldular.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG