Sepleriň elýeterliligi

Zardariniň Dubaýda ýene iki hepde galmagy mümkin


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Dubaýda saglygyny bejerdenden soň, ol ýerde ýene-de iki hepdäniň dowamynda galmagy mümkin. Bu barada Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani aýtdy.

56 ýaşly Zardari ýüregine seretdirmek üçin geçen hepde Dubaýa uçansoň, onuň syýasy geljegi barada her dürli gep-gürrüňler peýda bolup başlapdy.

Ýusuf Raza Gilaniniň ýekşenbe güni BBC telekanalyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, prezident Zardari hiç hili insulty başdan geçirmändir, wezipesinden çekiljekdigini-de yglan etmändir.
XS
SM
MD
LG