Sepleriň elýeterliligi

Belgiýadaky hüjümde azyndan dört adam heläk boldy


Belgiýanyň Lýež şäherindäki awtobus duralgasynda, 13-nji dekabr.

Belgiýanyň Lýež şäherindäki awtobus duralgasynda, 13-nji dekabr.

Belgiýanyň Lýež şäherindäki awtobus duralgasynda birnäçe granatyň partladylmagy netijesinde azyndan dört adam heläk bolup, 60-a golaýy ýaralandy.

Partlamadan soň hüjümçileriň duralgadaky ilaty awtomat okuna tutandygy habar berilýär.

Bu hüjümi üç ýa dört adamyň amala aşyrandygy, ölenleriň biriniň hüjümçi bolandygy çak edilýär.

Polisiýa hüjümçileri ele salmak boýunça operasiýasyny dowam etdirýär.
XS
SM
MD
LG