Sepleriň elýeterliligi

Öňki prezident Žak Şiraga iki ýyl şertli iş kesildi


Fransiýanyň ozlaky prezidenti Žak Şirak

Fransiýanyň ozlaky prezidenti Žak Şirak

Fransiýanyň ozlaky prezidenti Žak Şirak Ikinji jahan urşundan soň Fransiýada jenaýat işi boýunça günäli tapylan ýurduň ilkinji lideri boldy. Oňa Parižiň häkimi bolan döwründe döwlet pulundan bikanun peýdalanmakda we wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda günä bildirilip, şertli ýagdaýa iki ýyl iş kesildi.


Fransiýanyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Žak Şiragy korrupsiýada aýyplap, şertli ýagdaýda oňa iki ýyl iş kesdi. Bu Ikinji jahan urşundan bäri Fransiýanyň prezidentine suduň çykaran ilkinji hökümi boldy.

Şirak Parižiň häkimi bolan döwründe döwlet pullaryndan bikanun peýdalanmakda we wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda günäli tapyldy. Ol 1977-1995-nji ýyllar aralygynda, ýagny 18 ýyllap Parižiň häkimi bolupdy.

Parižiň jenaýat sudy Şiraga höküm çykarlanda onuň häzirki ýaşyny, saglyk ýagdaýyny we ýurda 1995-2007-nji ýyllar aralygynda baştutanlyk edendigini hem hasaba alyp, höküm çykarandygyny aýtdy.

79 ýaşly Şirak özüne bildirilýän ähli aýyplamalary inkär etdi.

Şiragyň aklawçysy Jorjes Kijman žurnalistleriň öňünde şeýle çykyş etdi:

— Kanuna garşy diýilýän şertnamalaryň juda azdygy hem hasaba alnanda, meniň pikirimçe, munça ýylyň ara düşmeginden soň, bu sud işine hiç hili zerurlyk ýokdy. Her niçigem bolsa, suduň çykaran bu hökümine seretmezden, men fransiýalylaryň Žak Şiragy gowy görmegini bes etmejekdigine umyt edýärin.

Fransiýanyň Sosialist partiýasynyň metbugat wekili Benoit Hamon Şiraga garşy höküm giç çykarylsa-da, munuň “Fransiýanyň demokratiýasyndan gowy nyşan bolandygyny” belläp geçdi.

Ýokarda hem bellenip geçilişi ýaly, bu Ikinji jahan urşundan soň Fransiýanyň prezidentine suduň çykaran ilkinji hökümidir. Mundan öň, 1945-nji ýylda Fransiýanyň harby Wişi režiminiň lideri Marşal Filip Petain nasistler bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanyp, günäli tapylypdy.

Eger-de Şirak suduň çykaran kararyna garşy şikaýat etmese, onda bu uzak wagtdan bäri dowam edip gelen ýuridiki işiň soňlandygy bolar. Şiraga garşy aýyplamalar entek onuň prezidentlik döwründe bildirilipdi. Emma şol döwürde onuň el degrilmezlik hukugy bardy.

Şirak bilen birlikde ýene-de dokuz adama aýyplama bildirildi. Olaryň ikisinden aýyplama ýatyryldy, beýlekiler bolsa günäli tapyldy.

Şirak Fransiýanyň iň meşhur adamlarynyň biridir. Ol prezidentlik eden döwri Fransiýada ýewro pul birligini ornaşdyrdy, şeýle-de Amerikanyň Yrakdaky urşuna berk garşylyk görkezipdi.
XS
SM
MD
LG