Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa Fukuşimodaky krizisiň soňlanandygyny aýdýar


Ýaponiýanyň resmileri Fukuşimo atom elektrik stansiýasyndaky reaktorlardan syzmalaryň doly togdadylandygyny, netijede ol ýerdäki krizisiň soňlanandygyny mälim etdiler.

Mundan dokuz aý ozal Ýaponiýada ýüze çykan ýer titreme we deňizde dörän sunami atom elektrik stansiýasynyň reaktorlaryna zeper ýetiripdi. Netijede desganyň reaktorlaryndan howa we suwa radiasiýa syzyp başlapdy.

Fukuşimo atom desgasynyň töweregindäki sebitlerde henizem radiasiýanyň derejesi juda ýokary bolmagyna galýar. Käbir regionlarda bolsa geljek otuz ýylyň dowamynda ýaşap bolmaz.
XS
SM
MD
LG