Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Senzurasyz’ Berdimuhamedow


Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasy türkmen telewideniýesinde efire berilmändigi aýdylýan wideosýužeti öz websaýtynda ýerleşdirdi. Ol ýerde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäherde alnyp barylýan gurluşyklar boýunça ýolbaşçylar bilen geçiren maslahaty görkezilýär.


'Senzurasyz' Berdimuhamedow
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:11 0:00
Wideo: “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýaýradan wideosýužetlerinden bölek.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu kadrlar barada “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz prezident Berdimuhamedowyň öz hökümetiniň agzalary bilen gurluşyk proýektleri barada maslahat geçirýän pursatyny görkezýän bir wideoýazgyny saýtyňyzda ýerleşdiripsiňiz. Bu wideoýazgy haçan edilen?

Farid Tuhbatullin: Bu wideo, biziň maglumatlarymyza görä, 2010-njy ýylda ýazgy edilen.

Azatlyk Radiosy: Onsoň siz bu wideonyň asyl nusgadygyna, ýagny ynamdarlygyna nähili kepil geçýärsiňiz?

Farid Tuhbatullin: Meniň pikirimçe, birinjiden, şeýle görnüşde galp wideoýazgy taýýarlamak tehniki taýdan örän çylşyrymly, sebäbi ol ýerde diňe bir adamyň hereketi görkezilmeýär. Ikinjiden, Türkmenistanyň nämedigini bilýän adamlar şeýleräk zatlaryň bolup geçýänini gaty gowy bilýärler. Onsoň, biziň pikirimizçe, bu asyl nusgadaky widoýazgy.

Azatlyk Radiosy: Şu wideoýazgyda prezident Berdimuhamedowyň bolşy, türkmen hökümetiniň beýleki agzalary bilen gürleşişi sizde nähili pikir-garaýyş döretdi?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, bu boluş siwilizlenen demokratiki ýurtlaryň ýolbaşçylaryna mahsus däl. Belki-de 19-njy asyryň baýlary öz golastylaryna şeýle çemeleşendirler. Ýöne, meniň göwnüme bolmasa, şol baýlaram öz hyzmatdaşlyk edýän adamlaryna, golastyndaky kişile has sylanyşykly sereden ýaly. Emma ol (Berdimuhamedow) öz ministrlerini, wise-premýerlerini örän kemsidiji ýagdaýda goýýar. Hatda ol ýerde parlamentiň başlygynyň hem sarsman duran ýerinden bolýan zatlary örän dykgatly synlaýşy hem depderçä belleýşi görünýär. Hakykatda olar ýolbaşçynyň buýrugyny gep-gürrüňsiz ýerine ýetirýän esgerleriň komandasy ýaly bolup görünýär. Ýene bir gezek gaýtalaýan, beýle zat siwilizlenen ýurtlara mahsus däl.

Azatlyk Radiosy: Prezidentiň öz egindeşleri bilen şeýle adaty däl äheňde gürleşişi, siziňçe, birinji gezek bolýan zatmy? Ýagny bu bir täzelikmi?

Farid Tuhbatullin: Men bu bir täze zatdyr öýdüp pikir etmeýärin. Sebäbi men (Saparmyrat) Nyýazowyň hem wagtynda özüni şeýleräk alyp baranyny, belki mundan beterräk hem bolanyny bilýärin. Häzirki prezident, ähtimal, ýurdy dolandyrmagyň, öz golasty işgärleriňe ýolbaşçylyk etmegiň başga, has siwilizlenen usullarynyň bardygyny gören ýa bilýän hem däldir. Ýöne men öňki prezidentiň bolşuna gös-göni öýkünmek bolsa gerek diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Bu wideo siziň okyjylaryňyzda nähili seslenme döretdi?

Farid Tuhbatullin: Bu wideo örän köp teswir akymynyň gelmegine, uly gyzyklanmanyň döremegine sebäp boldy. Bir gije-gündiziň dowamynda oňa iki müňden gowrak adam tomaşa etdi. Men bu wideoýazga tomaşa edýänleriň sany geljekde hasam köpelermikä diýýärin, sebäbi bu wideonyň bizde ýene iki bölegi bar. Elbetde, seslenmeler şeýle: şuňa çalymdaş zatlaryň bolýandygyny köpler çaklapdyr, ýöne bolýan zatlary anyk şekilde, hakykatda görseň, bu has göwnüçökgün duýgy döredýär. Döwlet ýolbaşçysy özüni beýle alyp barmaly däl.
XS
SM
MD
LG